ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanada harytlaryny federal döwlet satyn almalary ulgamyndan çykarmak hakynda ähtnama gol çekdi
Söwda gapma-garşylyklary seýrek ýagdaýda peýda getirýär, emma olar özara garaşlylygyň näderejede gowşak bolup biljekdigini açyp görkezýär. Ykdysady integrasiýa özygtyýarlylyk bilen gapma-garşy gelende, döwletler hatda munuň belli bir çykdajylary talap edýän ýagdaýynda-da täze ýollary gözleýärler.
Çarşenbe güni Ak Tam tarapyndan berlen beýannamada Donald Trampyň Býujet boýunça müdirliginiň ýolbaşçysyna we ABŞ-nyň Söwda wekiline hereket edýän kanunçylyga laýyklykda «federal döwlet satyn almalary ulgamynda Kanada gelip çykyşly harytlar babatda zerur bolan halatynda satyn alyşdan çykarylyp ýa-da satyn almak üçin elýeterli bolmazlygy mümkin bolan harytlary kesgitlemek we hereket edýän kanunçylygyň rugsat berýän ähli çärelerini görmek» hakynda tabşyrylan ähtnama gol çekendigi habar berildi.
Bu ýagdaý söwda dartgynlygynyň güýçlenen döwrüne gabat geldi. ABŞ 22-nji awgustda güýje giren, takmynan 20 milliard dollar möçberindäki Kanada harytlaryna 50 göterimlik gümrük paçlaryny girizdi. Muňa jogap hökmünde Kanada ABŞ-dan getirilýän importyň şoňa deň möçberindäki harytlara degişli paçlary girizdi. Bu çäreler 8-nji sentýabrda güýje girdi.
Tramp 8-nji sentýabrda “Truth Social” ulgamynda beren habarynda Kanadanyň jogap paçlaryna garşy çäre hökmünde Kanada önümlerini ABŞ-nyň hökümeti bilen baglaşylýan şertnamalaryň sanawyndan çykarmak barada görkezme berendigini aýtdy. Ol Kanada amerikan daýhanlary we kompaniýalary üçin doly we adalatly özara deňligi dikeltmese, Kanadada öndürilen önümleri GSA-nyň köptaraplaýyn şertnamalaryndan çykarmak üçin ähli zerur çäreleri görmek maksady bilen GSA-nyň (Umumy hyzmatlar müdirliginiň) USTR (ABŞ-nyň Söwda wekiliniň) edarasy bilen bilelikde hereket etmegini tabşyrandygyny aýtdy.
Kanadanyň öňki premýer-ministri Stiwen Harper sişenbe güni Torontoda geçirilen Kanadanyň maýa goýum Sammitiniň jemleýji çykyşynda çykyş edip, federal hökümetiň ABŞ bilen söwda gepleşiklerinden çykmak baradaky kararyny goldaýandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu söwda gapma-garşylygynyň hakykatdan-da başlanmagyna göz ýetirmek üçin zerur bolup durýar, sebäbi onuň pikirine görä, hökümetiň bu ýoldan gitmekden başga çäresi ýokdy. “ABŞ-nyň häzirki administrasiýasy biziň ykdysady integrasiýamyzyň derejesini aýratyn özygtyýarlylygymyz bilen gabat gelmeýän ýagdaý hökmünde görýär.
Şonuň üçin bu özygtyýarlylygy gorap saklamak maksady bilen, biz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan garaşlylygymyzy azaltmaga çalyşmalydyrys. Bu tagallalar ep-esli çykdajylara getirer, emma men kanadalylaryň bu çykdajylary kabul etmäge ukyplydygyna we taýýardygyna umyt edýärin hem-de ynanýaryn” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, ähtnama gol çekilmegi ABŞ bilen Kanadanyň arasyndaky söwda garşylygynyň güýçlenmeginiň nobatdaky ädimi boldy. Özara paçlaryň girizilmegi we özygtyýarlylyk baradaky beýannamalar bilen baglylykda, taraplar gatnaşyklarynyň täze görnüşlerini gözleýärler. Bu bolsa Demirgazyk Amerikadaky üpjünçilik zynjyrlarynyň täzeden düzülmegine getirip biler.








