Turkmen Expo Polşada geçiriljek FAST TEXTILE 2026 sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar


Türkmenistanyň dokma önümlerini öndürijileri 17–19-njy noýabrda Polşanyň Ptak Expo Łódź sergi toplumynda (Žguw şäheri) geçiriljek FAST TEXTILE 2026 halkara sergisine gatnaşarlar. Forumyň resmi hyzmatdaşy we Türkmenistanyň bitewi Milli pawilýonynyň guramaçysy hökmünde «Turkmen Expo» kompaniýasy çykyş edýär.
Milli pawilýon Türkmenistanyň döwlet kärhanalaryny, tikinçilik fabriklerini we iri önümçilik toplumlaryny bir ýere jemlär. Daşary ýurtly baýerlere we distribýutorlara Made in Turkmenistan brendi astynda ýokary hilli ýüplüklerden we çig matalardan başlap, taýýar trikotaž önümlerine, öý dokma önümlerine hem-de egin-eşik kolleksiýalaryna çenli dürli önümler hödürlener.
FAST TEXTILE Merkezi we Gündogar Ýewropadaky dokma pudagynyň iri sergi meýdançalarynyň biridir. Meýdany 20 müň inedördül metre barabar bolan sergide dünýäniň 30 ýurdundan 600-e golaý kompaniýanyň öz diwarlyklaryny ýerleşdirmegine garaşylýar. Myhman hökmünde gatnaşjak hünärmenleriň we pudak wekilleriniň sanynyň bolsa 14 müňden geçmegine garaşylýar.
Serginiň hünär derejesindäki gatnaşyjylarynyň we hyzmatdaşlarynyň hatarynda Polşa Dokmaçylar assosiasiýasy, Ýewropa Dokma Birleşikleri assosiasiýasy, şeýle hem Polşanyň we halkara derejesindäki beýleki pudaklaýyn birleşikleri hem-de iri kompaniýalary bar.
Polşada geçiriljek sergi-foruma gatnaşmak Türkmenistanyň kärhanalaryna Ýewropaly import edijiler, söwda torlary we halkara brendleri bilen göni B2B gepleşikleri geçirmek, göni şertnamalary baglaşmak we eksportyň geografiyasyny giňeltmek üçin mümkinçilik döreder.








