Türkmenbaşyda 18-nji sentýabrda şäher iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler


Türkmenbaşy şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi iş gözleýän raýatlar hem-de ýerli iş berijiler üçin iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýär. Çäre 18-nji sentýabr, anna güni, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.
Iş gözleýän raýatlaryň we işewürleriň wekilleriniň duşuşygy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) Medeni-sport toplumynda geçiriler.
Hödürleniş çäresine şäheriň çäginde iş alyp barýan döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň, şeýle hem hususy telekeçileriň gatnaşmagynda geçiriler. Iş berijiler bar bolan boş iş orunlaryny hödürläp, özlerine zerur işgärleri saýlap bilerler.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň çärä öz ýanlary bilen pasportyny (şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny) getirmegi zerurdyr. Şeýle hem, bar bolan ýagdaýynda, zähmet depderçesini we bilim ýa-da hünär derejesini tassyklaýan resminamalaryny getirmek maslahat berilýär.
Çärä gatnaşmak isleýän iş berijiler bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary öňünden taýýarlamalydyrlar.
Soraglar we goşmaça maglumatlar üçin telefon belgileri: (+993 243) 6-06-95, 5-00-94.








