HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň serhet geçelgelerinde sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiliginiň halkara standartlary ornaşdyrylýar

Sentýabr 14, 2026 | 12:47 |2778
Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hünärmenleri üçin Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilelikde guramagynda ýöriteleşdirilen okuw geçirildiAşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hünärmenleri üçin Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilelikde guramagynda ýöriteleşdirilen okuw geçirildi
Çeşme: IOM Turkmenistan

Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hünärmenleri üçin Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilelikde guramagynda ýöriteleşdirilen okuw geçirildi. Okuwyň esasy maksady ýurduň gury ýer we howa serhetlerinde ilatyň saglygyna abanýan howplara dessin jogap bermek mehanizmlerini işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Wenadaky Sebitleýin edarasynyň we BSGG-niň wekilhanasynyň bilermenleri türkmen hünärmenlerine migrasiýa akymlaryny yzarlamagyň sanly algoritmlerini, şeýle hem howply ýokanç keselleri göni serhet geçelgelerinde ir ýüze çykarmak ulgamlaryny hödürlediler.

turkmenistan-iom-who-border-health-control-training (3).jpeg

Amaly okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar ýüze çykan halatynda serhet geçelgelerinde ulanylmagy üçin standart amaly amallary işläp taýýarladylar. Täze düzgünnama lukmançylyk gulluklarynyň ilkinji anyklaýyşdan we karantin çärelerinden başlap, edaralaryň arasynda maglumat alyş-çalyşyna hem-de gyssagly lukmançylyk we psihologik kömek bermäge çenli ýerine ýetirmeli hereketleriniň algoritmini kesgitleýär.

Serhetlerdäki epidemiologik gözegçiligiň milli saglygy goraýyş ulgamy bilen integrasiýasyna aýratyn üns berildi. Bu taslama Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýada we Owganystanda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

turkmenistan-iom-who-border-health-control-training (1).jpeg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026