Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi we taslamalary bilen tanyşdy


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurluşygyň ikinji tapgyrynyň alnyp barlyşy we täze durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Şähergurluşyk işleriniň barşyna gözegçilik edilende daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän mekdebi döwrebaplaşdyrmak, çagalar bagyny, sport toplumyny gurmak, şeýle hem «Arkadagyň ruhy metjidiniň» we 30 müň orunlyk medrese toplumynyň gurluşygyny çaltlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Görkezilen çyzgylar we shemalar bilen tanyşyp, Gahryman Arkadagymyz täze gurulýan desgalaryň daşky we içki bezegine degişli birnäçe anyk maslahatlary berdi. Ol binagärlik pikirlerini ara alyp maslahatlaşmaga degişli hünärler boýunça bilim alýan talyplary we ýaş mugallymlary çekmegi teklip etdi.
Hususan-da, çagalaryň tebigata bolan söýgüsini ösdürmek maksady bilen çagalar bagynyň içki bezeginde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň şekillerinden peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem döwrebaplaşdyrylýan mekdepdäki okuw-terbiýeçilik işlerini milli pedagogikanyň däpleri bilen utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Medresäniň taslamalaryna seredilende, Gahryman Arkadagymyz doly derejeli ýokary okuw mekdebiniň derejesindäki toplumyň döredilmegi üçin dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem-de yslam dünýäsiniň kadalaryny ulanmagyň möhümdigini belledi.
Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň we şäher häkimliginiň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri girizildi. Şol şanly sene mynasybetli gurlan ýaşaýyş jaýlarynda köpçülikleýin jaý toýlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, sport infrastrukturasyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz sport desgalaryna, şol sanda «Arkadag» futbol toparynyň stadionyna talabalaýyk gözegçilik edilmeginiň we olaryň abat saklanmagynyň möhümdigini belläp, desgalary netijeli peýdalanmak we saklamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.
ORIENT







