Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy


14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna bardy.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Seulyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny Koreýa Respublikasynyň resmi wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Häzirki döwürde türkmen-koreý dialogy ösüşiň durnukly depginini görkezýär hem-de uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň berk binýady häzirki wagtda ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar arkaly üstünlikli pugtalandyrylýar.
Türkmenistanyň Baştutanynyň häzirki döwlet sapary Aşgabat bilen Seulyň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açmaga, bilelikdäki iri göwrümli ykdysady we medeni-ynsanperwer taslamalaryň durmuşa geçirilmegine güýçli itergi bermäge, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» dialogynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň has-da çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.








