Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar


Şu gün, 14-nji sentýabrda, Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Hindi dili gününe bagyşlanan dabaraly agşam geçirildi. Baýramçylyk maksatnamasy «India Unravelled» atly wideofilmiň görkezilişi bilen başlandy. Ondan soň myhmanlara baý medeni maksatnama hödürlendi.

Çäräniň dowamynda Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu we Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa gutlag çykyşlary bilen çykyş etdiler.
Hindistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hindi diliniň dünýäde iň giň ýaýran dilleriň biridigini we bu dilde 600 milliondan gowrak adamyň gepleşýändigini belledi. Ol Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 40-dan gowrak talybyň hindi dilini öwrenýändigini, olaryň käbirleriniň bolsa Agra şäherindäki Kendriýa Hindi Sansthan institutynda dil boýunça tejribelik geçendigini nygtady.
Türkmenistanyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň adyndan gutlaglary ýetirdi. Ol öz çykyşynda strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini we medeni alyş-çalyşlaryň möhümdigini nygtady.

Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde ýoga boýunça görkezme çykyşlary, hindi dilinde şahyrana eserleriň okalyşy we ýerli sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-saz çykyşlary geçirildi. Agşamyň täsirli pursatlarynyň biri nusgawy hindi tansynyň ýerine ýetirilmegi boldy.

Çäräniň ahyrynda surat çekmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Birinji üç orny Alypälwan Hudaýberenow, Jahan Hanowa we Aýna Öwezowa eýelediler.

ORIENT






