HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda 2 million dollar baýrak gaznaly halkara AI-kinofilm festiwaly geçiriler

Sentýabr 15, 2026 | 19:19 |1125
1–3-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde halkara Astana AI Film Festival (AAIFF 2026) kinofestiwaly geçiriler1–3-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde halkara Astana AI Film Festival (AAIFF 2026) kinofestiwaly geçiriler
Çeşme: inform.kz

1–3-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde halkara Astana AI Film Festival (AAIFF 2026) kinofestiwaly geçiriler. Giň gerimli bäsleşige dünýäniň 125 ýurdundan 4756 awtordan 8067 film gelip gowuşdy. Hödürlenen işleriň umumy dowamlylygy 100 müň minutdan geçdi.

Kazinform-yň habar bermegine görä, arza sany boýunça ABŞ öňdeligi eýeledi — bu ýurtdan 1395 iş gelip gowuşdy. Gazagystan 829 taslama bilen ikinji, Hindistan bolsa 702 film bilen üçünji orny eýeledi. Gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji onlugyna Hytaý, Günorta Koreýa, Beýik Britaniýa, Indoneziýa, Ýaponiýa, Braziliýa we Fransiýa hem girdi.

Baýrak ugurlary we baýrak gaznasy

Festiwalyň umumy baýrak gaznasy 2 million dollara deňdir. Şonuň 1,75 million dollary «Ýaşamaga mynasyp geljek» mowzugyndaky esasy maksatnama, 250 müň dollary bolsa açyk bölümde bäş ugur boýunça paýlanar:

• «Iň gowy keşp»

• «Iň gowy režissura»

• «Iň gowy wizual dil»

• «Iň gowy hekaýa»

• «Iň gowy konsepsiýa»

Baýrak töleglerinden başga-da, maýadar Balaji Sriniwasan 1 million dollary maýa goýum serişdesi hökmünde bölüp berdi. Bu serişdeler Astana Hub tehnologiýa parkynda geljegi uly taslamalary giňeltmäge gönükdiriler.

международный фестиваль AI-кино 1

Tehnologiýalar we görkeziliş maksatnamasy

Filmleri döretmekde gatnaşyjylar Suno AI, Kling, ElevenLabs we GPT Image 2 ýaly 80-den gowrak generatiw modelden peýdalandylar. Awtorlar diňe bir wizual effektler bilen çäklenmän, eýsem çylşyrymly dramaturgiýa bilen hem tejribe geçirdiler — bäsleşigiň iň uzyn filminiň dowamlylygy 4 sagatdan geçýär.

Festiwalyň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar öz işlerini ilkinji gezek tomaşaçylara Astananyň kinoteatrlarynyň birinde uly ekranda hödürlärler. Maksatnama döredijilik industriýasynyň wekilleri üçin ussatlyk sapaklaryny, panel maslahatlaşmalaryny we B2B duşuşyklaryny hem öz içine alar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026
Gazagystanda 2 million dollar baýrak gaznaly halkara AI-kinofilm festiwaly geçiriler

Gazagystanda 2 million dollar baýrak gaznaly halkara AI-kinofilm festiwaly geçiriler

19:19 Sentýabr 15, 2026
Ýawa deňzinde ýolagçy gämisi agdaryldy, dereksiz ýiten 129 adamy gözlemek işi dowam edýär

Ýawa deňzinde ýolagçy gämisi agdaryldy, dereksiz ýiten 129 adamy gözlemek işi dowam edýär

19:00 Sentýabr 15, 2026