Ýawa deňzinde ýolagçy gämisi gark boldy: 119 adam halas edildi, 6 adam heläk boldy, 130 ýolagçy dereksiz ýitdi
Deňiz hemişe adam ýalňyşlyklaryny bagyşlamaýan güýç bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Ýokary tehnologiýalaryň we hemra nawigasiýasynyň eýýamynda-da tebigat öz güýjüni ýatladýar, adam ömri bolsa möwç urýan tebigy güýçleriň öňünde näderejede ejizdigini görkezýär. Bu pajygaly waka suwdaky howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň we her bir pursadyň gadyr-gymmatyny bilmegiň näderejede möhümdigini ýene-de bir gezek ýatladýar.
Indoneziýanyň Milli Gözleg we Halas ediş gullugynyň maglumatlaryna görä, Virgo Transport 8 atly ýolagçy gämisi ýekşenbe güni ýerli wagt bilen takmynan sagat 02:00-da amatsyz howa şertlerine düşenden soň kenar bilen aragatnaşygyny ýitirdi. Gämide takmynan 240 adam bardy. Iň soňky maglumatlara görä, 119 adam halas edildi, 6 adam heläk boldy. Häzirki wagta çenli 130 ýolagçy dereksiz ýitenleriň hatarynda hasaba alynýar. Gämi şenbe güni Gündogar Ýawa welaýatynyň Surabaýa şäherinden ýola çykyp, Günorta Kalimantan welaýatynyň Banjarmasin şäherine tarap ugur alypdy. Betbagtçylygyň sebäbi entek belli däl.
Indoneziýanyň gözleg we halas ediş gulluklary gäminiň iň soňky belli bolan ýerleşýän ýerine golaý suwlarda gözleg-halas ediş işlerini geçirmek üçin işgärleri, gämileri we dikuçary ugratdylar. Takmynan 17 müň adadan ybarat arhipelag döwleti bolan Indoneziýa sebitleriniň arasynda aragatnaşygy üpjün etmek we gatnawlary ýeňilleşdirmek üçin esasan paromlara we beýleki deňiz ulaglaryna daýanýar. Howa we deňiz şertleri, şeýle hem gämileriň howpsuzlygy bilen bagly meseleler sebäpli deňiz heläkçilikleri wagtal-wagtal bolup geçýär.
CCTV+ habar berşi ýaly, Hytaýyň Surabaýdaky Baş konsullygy degişli Surabaýa şäher häkimiýetleriniň tassyklan maglumatlaryna salgylanyp, gämide Hytaýyň raýatlarynyň bolmandygyny tassyklady. Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.





