Merkezi Aziýa ýurtlary ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň 20 ýyllygy mynasybetli Bilelikdäki beýannama kabul etdiler


Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gol çekilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Bilelikdäki beýannamany kabul etdiler. 8-nji sentýabrdaky ýubileý senesine bagyşlanan resminama zolagyň 20 ýylyň dowamyndaky işiniň jemlerini jemleýär hem-de ählumumy ýaragsyzlanma ulgamynda barha güýçlenýän krizisiň şertlerinde sebit döwletleriniň jebisleşdirilen garaýşyny beýan edýär.
Beýannamada 2006-njy ýyldaky Semipalatinsk şertnamasynyň Demirgazyk ýarym şarda iki sany ýadro ýaragyna eýe döwlet bilen gönüden-göni serhetleşýän ilkinji we ýeke-täk ýadro ýaragsyz zolak hökmünde özboluşly derejesi nygtalýar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýaraglara gözegçilik etmek boýunça esasy ylalaşyklaryň güýjüniň bes edilmeginden, ýadro ýaraglarynyň döwrebaplaşdyrylmagyndan hem-de halkara meýdançalarynda ynamyň ýetmezçiliginden çuňňur alada bildirdiler.
Merkezi Aziýa ýurtlary dünýä jemgyýetçiligini ýaraglara gözegçilik etmegiň barlaga degişli täze mehanizmlerini gyssagly işläp taýýarlamaga we Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek baradaky Şertnamanyň mümkin boldugyça tiz güýje girmegini üpjün etmäge çagyrdylar. 2026-njy ýylyň sentýabrynda bu şertnama gol çekilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär. Hukuk taýdan howpsuzlyk kepillikleri babatda Merkezi Aziýa döwletleri ABŞ-nyň Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň negatiw kepillikler baradaky Teswirnamany tassyklamak işini mümkin boldugyça tiz tamamlamagyna umyt bildirdiler. Bu Teswirnama beýleki dört ýadro döwletiniň ählisi tarapyndan eýýäm tassyklanyldy.
Resminamada zolagyň institusional taýdan ösmegine hem-de onuň Latyn Amerikasyndaky we Afrikadaky şuňa meňzeş düzümler bilen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ählumumy dialogy ilerletmekde Aşgabadyň esasy orny aýratyn bellenilýär: beýannamada 2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Şertnama gatnaşyjy döwletleriň ýubileý maslahatynyň netijeleri, şeýle hem sebitiň dünýäniň beýleki ýerlerinde täze ýadro ýaragyndan azat zolaklary döretmek boýunça başlangyçlaryna berilýän goldaw ýokary baha berýärler.







