HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Sentýabr 13, 2026 | 22:33 |212
19-njy sentýabrda Aşgabatda dünýäniň startap ekoulgamy boýunça iň iri çäreleriň biri bolan halkara Startup World Cup maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň startaplarynyň arasynda saýlama bäsleşigi geçiriler19-njy sentýabrda Aşgabatda dünýäniň startap ekoulgamy boýunça iň iri çäreleriň biri bolan halkara Startup World Cup maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň startaplarynyň arasynda saýlama bäsleşigi geçiriler
Çeşme: startupworldcup.io

19-njy sentýabrda Aşgabatda dünýäniň startap ekoulgamy boýunça iň iri çäreleriň biri bolan halkara Startup World Cup maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň startaplarynyň arasynda saýlama bäsleşigi geçiriler. Çäre sagat 14:00-dan 17:00-a çenli Bilelik Hub merkezinde (Ashgabat Mall söwda-dynç alyş merkezinde) geçiriler. Ähli myhmanlar üçin giriş mugt.

Startup World Cup (https://www.startupworldcup.io/) — wençur gaznasy Pegasus Tech Ventures tarapyndan guralýan, dünýä derejesindäki bäsleşikdir. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 4–6-njy noýabrynda San-Fransiskoda geçiriler. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200-den gowrak taslama gatnaşar. Ýeňiji 1 000 000 ABŞ dollary möçberinde baýragy eýelär.

Türkmenistanda saýlama tapgyrynyň guramaçysy ýurduň ilkinji hususy startap-akseleratory bolan «StartUp Academy» (https://startup-tm.com/) çykyş edýär. Bäsleşigiň netijesinde San-Fransiskodaky jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin bir ýollanma oýnalar. Bu ýerli toparlar üçin halkara arenasynda özlerini tanatmak, dünýä bazaryna çykmak we maýa goýumlary çekmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Bäsleşik pitç görnüşinde geçiriler we çykyşlara BIZANGEL Biznes hususy maýadarlar klubynyň wekillerinden, hereket edýän telekeçilerden hem-de maýadarlardan ybarat eminler topary baha berer. 51 arza içinden saýlanan iň gowy 12 startap öz pikirlerini iňlis dilinde hödürlär. Çäräniň açylyşynda Startup World Cup-yň baş wagyzçysy we Pegasus Tech Ventures-iň hyzmatdaşy Bill Reichert gutlag sözi bilen çykyş eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026