HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Ýüregim Leningradda galdy, ruhym bolsa Aşgabatda ýaşaýar»

Sentýabr 11, 2026 | 23:08 |1986
Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Wladimir Omelniskiý Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan wagtynda «Halk hakydasy» ýädigärlikleri toplumyna gül goýdy. Soňra Russiýanyň ilçihanasynda Leningradyň gabaw döwründäki ýaşaýjysy, sungaty öwreniji Galina Alekseýewna Mämmedowa bilen duşuşdySankt-Peterburgyň wise-gubernatory Wladimir Omelniskiý Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan wagtynda «Halk hakydasy» ýädigärlikleri toplumyna gül goýdy. Soňra Russiýanyň ilçihanasynda Leningradyň gabaw döwründäki ýaşaýjysy, sungaty öwreniji Galina Alekseýewna Mämmedowa bilen duşuşdy
Çeşme: orient.tm

Aşgabatda gysgaça habar bilen çäklenmekden has köp üns berilmäge mynasyp bolan duşuşyk geçirildi. Munuň sebäbi näme...

Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Wladimir Omelniskiý Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan wagtynda «Halk hakydasy» ýädigärlikleri toplumyna gül goýdy. Soňra Russiýanyň ilçihanasynda Leningradyň gabaw döwründäki ýaşaýjysy, sungaty öwreniji Galina Alekseýewna Mämmedowa bilen duşuşdy.

Duşuşyk Leningrad gabawynyň başlanmagynyň 85 ýyllygyna gabat geldi. Şol sebäpli şol gün aýdylan her bir söz aýratyn many bilen ýaňlandy.

heart-in-leningrad-soul-in-ashgabat (2).jpg

Ýeňilmezligi öwreden şäher

Uzak wagt… Örän uzak wagt — 872 gün we gije. Üç ýyla golaý wagtlap Leningrad duşman gabawynyň halkasynda ýaşady. Gabalan şäherde iki ýarym milliondan gowrak adam, şol sanda 400 müňe golaý çaga galypdy.

1941–1942-nji ýyllaryň gyşy gabawdan halys bolan leningradlylaryň durmuşyndaky iň aýylganç döwür boldy. Resmi maglumatlara görä, käbir günlerde şäherde 6 müňden 9 müňe çenli adam aradan çykýardy. Tramwaýlar köçelerde doňup galdy. Turbalardaky suw buz bolup doňdy, adamlar bolsa Newa derýasyna baryp, buzlary deşip suw almaly bolýardylar.

Çagalar üçin çörek paýy 125 grama çenli azaldy. Bu adaty düşünşimizdäki çörek däldi, eýsem diwar kagyzlarynyň tozany we sellýuloza garylan goýy massa görnüşindäki zatdy.

Gabaw döwrüniň çagalary nahar soramazlygy öwrenýärdiler. Dem almagy aýamagy öwrenýärdiler, sebäbi her bir hereket eýýäm ýetmezçilik edýän ýylylygyň sarp edilmegine getirýärdi. Olar kiçijik ýaşdaky ululara öwrülýärdiler — çörek üçin nobatlarda durýardylar, doňup galan suwy almaga gidýärdiler, howa hüjümleri wagtynda nobatçylyk edýärdiler, öýleriň üçeklerine gorkunç ses bilen gaçýan alawly bombalaryny aşak zyňýardylar. Çagalar ýakyn adamlarynyň heläk bolup barýandygyny görenlerinde aglamazlygy öwrenýärdiler. Şol ýyllaryň resminamalarynda «Leningrady gorandygy üçin» medaly bilen sylaglananlaryň arasynda takmynan 15 müň çaganyň we ýetginjegiň bolandygy bellenilýär.

Leningradyň goragçysy diýen mukaddes ada eýe bolmak hukugy diňe harbylara berilmedi. «Leningrady gorandygy üçin» medaly bilen stanoklaryň başynda duran işçiler, ýangyn söndürijiler, lukmanlar, mugallymlar we ruhanylar hem sylaglandy — şäheri öz elleri we zähmeti bilen aýakda saklanlaryň ählisi.

Leningrady Sowet Soýuzynyň ähli milletlerinden bolan adamlar gorady. Şähere barýan ýollary gorap duran Demirgazyk-Günbatar frontunda 87-nji Türkmen aýratyn atyjylar brigadasy söweşdi. Bu Türkmenistanda döredilen ilkinji milli harby birleşme bolupdy.

Türkmenistandan 300 müňden gowrak adam Gyzyl Goşuna çagyrylyp, urşuň ähli frontlarynda — Moskwanyň goragyndan başlap, Berliniň hüjüm bilen eýelenmegine çenli — söweşdi. Olaryň her biriniň öz taryhy, öz ýoly, öz gaýduwsyzlygy bardy. Leningradyň eteginde näçe türkmen esgeriniň duşman okunyň öňünde durandygyny bolsa diňe Ýatlama kitaby bilýär. Şol kitabyň sahypalary söweşden dolanyp gelmedikleriň atlaryny özünde saklaýar.

heart-in-leningrad-soul-in-ashgabat (6).jpg

32 müň adam ömri

Bir tarapdan Leningrady gorap ýörenler bar bolsa, beýleki tarapdan onuň ýaşaýjylaryny halas edýänler bardy. Türkmenistan gabalan şäherden we fronta golaý sebitlerden ewakuasiýa edilen 32 müňden gowrak adamy kabul etdi. Bu diňe bir san däl — bu onlarça müň adamyň ykbaly. Leningradyň sowugynyň we boş öýleriniň ýerine olar günortadaky öýleriniň, çörekleriň ýylylygyny, ilki gulaga nätanyş bolan, ýöne mähirli adamlaryň gepleýän dilini gördüler. Şonuň üçinem şol dil olara düşnüklidi.

Birnäçe gün ozal Aşgabada gelen Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Wladimir Omelniskiý Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, gubernator Aleksandr Beglowyň özüne tabşyran zatlaryny ýetirdi:

«Men ähli türkmen halkyna ewakuasiýa edilen Leningradyň ýaşaýjylarynyň mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk sözlerini ýetirmek isleýärin. Bu ýerde özlerine ikinji öý tapan 32 müň adam barada gürrüň gidýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halkynyň özüne-de aňsat bolmandy — azyk önümleri, derman serişdeleri ýetmezçilik edýärdi. Muňa garamazdan, şeýle agyr döwürde hem olar Türkmenistana gelen leningradlylar bilen soňky döwüm çöregini paýlaşdylar. Biz muny ýadymyzda saklaýarys we bu ýatlama biziň üçin mukaddesdir».

heart-in-leningrad-soul-in-ashgabat (11).jpg

«Ýüregim Leningradda galdy, ruhym bolsa Aşgabatda ýaşaýar»

Çagalyk ykbaly gabawdaky Leningrad we Türkmenistan bilen gabatlaşan adamlaryň arasynda Galina Alekseýewna Mämmedowa hem bar. Ol gabaw astyndaky şäherde 1943-nji ýylyň 5-nji awgustynda — gabawyň doly aýrylmagyna ýarym ýyl galanda dünýä indi.

Onuň ene-atasy urşuň ilkinji ýylynda fronta gitdiler. Ejesi Taisiýa Iosifowna Çurina — şepagat uýasy. Kakasy Alekseý Nikolaýewiç Çurin — uly leýtenant-tehnik. 1943-nji ýylyň iýulynda ejesi wagtlaýyn harby gullukdan boşadylyp, «Ýaşaýyş ýoly» arkaly Leningrada gaýdyp geldi. Awgust aýynda gyzjagaz — Galoçka dünýä indi. Taisiýany ýene-de gulluga çagyryp, Leningraddaky harby hassahanalaryň birine işe iberdiler. Galina hem şol ýerde, ýaralanan esgerleriň arasynda boldy. Ol şol ýerde gabaw halkasynyň doly böwsülmegine, soňra bolsa Ýeňişe şaýat boldy.

Urşuň yzysüre Galina mekdebi tamamlady, soňra Leningradyň çeperçilik-tehniki orta hünär mekdebinde okady. Şol ýerde ol I.Ýe.Repin adyndaky Suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we binagärlik institutynyň talyby Mämmet Mämmedow bilen tanyşdy. Ýetimler öýünde terbiýelenen Türkmenistandan bolan garaýagyz ýigit bilim alyp, alan bilimlerini Watanyna alyp gitmegi arzuw edýärdi.

«Ol örän şadyýan ýigitdi, gitara çalýardy, ajaýyp surat çekýärdi we meniň Merkezi Aziýa barada hiç zat bilmeýändigime hemişe haýran galýardy — diýip, Galina Alekseýewna gürrüň berýär. — Biz ýedi ýyla golaý wagt diňe dost bolduk. Men ony öýümize myhmançylyga çagyranymda, ejem oňa haýran galdy».

1964-nji ýylda Galina goş-golamlaryny ýygnap, uzakdaky Aşgabada ugrady.

heart-in-leningrad-soul-in-ashgabat (9).jpg

«Men uçarda otyrdym we aýnadan ilkinji gezek Hazar deňzini, Garagumyň giňişliklerini, Köpetdagyň gerişlerini gördüm. Güneşli Aşgabat meni örän mähirli garşylady. Şäheriň hoşniýetli ýagdaýy Leningradyň golaýyndaky Luga şäherjigini ýatlatdy. Maňa Mandelştamyň goşgularyndaky ýaly, tanyş şäherime gaýdyp gelen ýaly boldy…»

Mämmet Mämmedow türkmen suratkeşleriniň iň meşhurlarynyň birine öwrüldi we «altmyşynjy ýyllaryň» suratkeşlerinden düzülen diýilýän «ajaýyp ýediligiň» hataryna girdi. Galina Alekseýewna köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde — çärýek asyryň dowamynda, 25 ýyl zähmet çekdi. Döwlet onuň zähmetine ýokary baha berip, oňa «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady berdi.

Mämmet Mämmedow döredijiligini Beýik Watançylyk urşy temasyna bagyşlady. Onuň «Gabaw. Uruş ýyllarynyň ýetim çagalary» atly eseri 2021-nji ýylda Leningradyň Goranmak we gabaw muzeýine geçirildi. Suratkeşiň 1985-nji ýylda çeken iň soňky eseri — «1945-nji ýylyň bahary. Ýeňiş» hem şol muzeýe tabşyryldy.

Suratda açyk gök asmanyň şekilinde baýramçylyk feýerwerki şekillendirilýär. Olaryň üstünde bolsa… kagyzdan ýasalan «aždarhalar» asmana göterilýär. Olary çagalar uçurýarlar.

Bu kompozisiýa uruşdan soňky täze durmuşyň dabaralanmasydyr.

heart-in-leningrad-soul-in-ashgabat (7).jpg

Galina Alekseýewna bu suraty Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowa 2023-nji ýylyň sentýabrynda onuň Aşgabada bolan sapary wagtynda gowşurdy. Ýarym ýyl geçenden soň bolsa ol Sankt-Peterburgda eseriň muzeý gaznasyna dabaraly ýagdaýda tabşyrylyşyna hut özi gatnaşdy.

Şonda gubernator oňa «Leningrady faşistik gabawdan doly azat etmegiň 80 ýyllygy mynasybetli» diýen hormatly nyşany gowşurdy.

Näme üçin yzyna gaýdyp gitmändigi baradaky soraga Galina Alekseýewna şeýle jogap berýär:

«Hiç haçan! Aşgabat — meniň Watanym!»

Onuň şeýle güýç-kuwwaty nireden alýandygy baradaky soraga bolsa:

«Meniň gabaw döwründäki çagalygym we ýaşamaga bolan teşneligim meni taplady».

«Kolleksiýany görmäge geliň»

Ilçihanadaky duşuşyk wagtynda men Galina Alekseýewnadan onuň söýgüli temasy — farfor barada soranymda, onuň ýüzi açyldy:

«Türkmen halkynda gadym döwürlerden bäri ýokary derejede ösen öz keramika tehnologiýalary bolupdyr. Orta asyrlarda Merwiň, Nusaýyň we Köneürgenjiň ussalary silikat massadan gap-gaçlary we plitkalary ýasapdyrlar…» — diýip, ol belledi.

Şol pursatda men bir salym oýlandym. Gadymy şäher harabaçylyklaryndaky gazuw-agtaryş işlerine bolan saparlarymy ýatladym. Şol ýerlerde käwagt görnüşi dury daşlary ýatladýan iri aýna görnüşli bölekler gabat gelýärdi. Şonda arheologlar maňa türkmen ussalarynyň gadymy döwürlerde-de nepis gap-gaçlary ýasamak üçin ýörite garyndyny ulanmagy başarandyklaryny aýdypdylar.

Häzirki zaman hünärmenleri oňa «fritta» diýýärler. Köp adamlar üçin nätanyş bolan bu söz italýan dilindäki “fritta” sözünden gelip çykýar (“friggere” — “gowurmak” ýa-da “gyzdyryp bişirmek”). Meniň pikirimçe, şol manydaş sözler hataryna hemmämize mälim bolan “kartofel fri” tagamynyň adyny hem goşmak bolar.

Bu at nireden gelip çykypdyr? Munuň sebäbi garyndynyň düzüminde kwarsdan we ýörite palçykdan başga-da, aýna görnüşinde bişip gatadan massanyň bolmagydyr. Gadymy ussalar ony ýokary temperaturada hakykatdan-da «gowurýardylar», soňra bolsa birden sowadýardylar.

Bişirilip, syrça bilen örtülenden soň söwdagärleriň «gündogar faýansy» diýip atlandyran bu önümleri jaň ýaly ýakymly ses çykarýan, gar ýaly ak ýa-da firuze reňkli, diwarlary inçe önümlere öwrülýärdi. Merwden, Nusaýdan we Köneürgençden tapylan şeýle keramiki önümleri dünýäniň iň iri muzeýlerinde — Pariždäki Luwr, Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýinde we, elbetde, bu tema laýyklykda aýtsak, Sankt-Peterburgdaky Ermitažda gördüm.

Men ýatlamalarymdan çykyp ýetişmänkäm, Galina Alekseýewna sözüni jemledi:

— Gadymy bezeg-amaly sungatynyň şeýle önümlerini häzirki döwürde täzeden dikeltmek we köpçülikleýin önümçilige goýmak mümkin.

Ol ýylgyryp sözüniň üstüni ýetirdi:

— Kolleksiýany görmäge geliň — men siziň ýolgörkezijiňiz bolup bilerin.

heart-in-leningrad-soul-in-ashgabat (4).jpg

Öňde — «Gyrmyzy ýelkenler»

Wladimir Omelniskiý türkmen tarapyna birnäçe teklipleri hödürledi. Olaryň arasynda Sankt-Peterburgyň teatrlarynyň gastrollary, muzeýleriň arasynda sergi alyş-çalşyklary, emeli aňdan peýdalanmak boýunça tejribe alyşmak maksady bilen lukmançylyk ulgamynyň işgärleriniň arasynda teleköprüler, sungat eserlerini we medeni ýadygärlikleri dikeltmek babatda hyzmatdaşlyk etmek bar.

Mundan başga-da, türkmen mekdepleriniň tapawutlanan uçurymlaryny Sankt-Peterburgda geçirilýän «Gyrmyzy ýelkenler» («Алые паруса») baýramçylygyna çagyrmak teklip edildi.

«Bu ägirt uly çäre — diýip, Wladimir Wladimirowiç aýtdy. — Sankt-Peterburgyň gubernatory durmuşda ilkinji özbaşdak ädimini ädýänlere berilýän ähmiýeti we hormaty hemişe nygtaýar. Olar biziň ýurtlarymyzyň geljegidir. Men siziň mekdepleriňiziň tapawutlanan okuwçylary “Gyrmyzy ýelkenler” baýramçylygyna gatnaşsalar, ony ömürleriniň ahyryna çenli ýatda saklajakdyklaryna ynanýaryn».


…Russiýanyň ilçihanasynda resmi çykyşlardan, güllerden, surata düşmekden we el gysyşmakdan soň Galina Alekseýewna Mämmedowa ýene-de gaýtalady:

«Meniň ykbalym şeýle bolup çykdy: ýüregim Leningradda galdy, ruhym bolsa Aşgabatda. Ýaşamagym dowam edesim gelýär».

Bu sözler diňe bir owadan jümle däl. Olar müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän şäherleriň umumy ýatlama, umumy hasrat we Beýik Ýeňşiň getiren umumy şatlygy bilen baglanyşan tutuş bir taryhyň özenidir. Gabawdaky Leningraddan bolan gyz ýyllaryň geçmegi bilen özi üçin dogduk mekana öwrülen başga bir ýurtda gözelligiň goragçysyna öwrülýär. Şäheriň eteginde söweşip, ömrüni pida eden türkmen esgerleri bolsa şol wagta çenli hiç haçan görmedik şäherini goradylar. Şeýle hem Türkmenistanda ikinji öýüni tapan 32 müň leningradly bardy.

heart-in-leningrad-soul-in-ashgabat (10).jpg

Bu hakdaky ýatlama bir saýtdan beýlekisine göçüp ýören gysgaça maglumat bolmaly däldir. Ol gaýtalanyp-gaýtalanyp gürrüň berilmäge mynasypdyr...

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026