Raşid Meredow we Sergeý Lebedew GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň gün tertibini we Awazadaky sammitlere taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 11-nji sentýabrda geçiriljek GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen gepleşikler geçirdi.
Taraplaryň üns merkezinde Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşykdaky başlyklygynyň esasy wezipeleri, şeýle hem Hazar deňziniň kenarynda geçiriljek iri diplomatik forumlara taýýarlyk meseleleri boldy. Hususan-da, diplomatlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 7-nji we 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleriniň guramaçylyk meselelerini hem-de mazmun taýdan gün tertibini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda GDA-nyň çägindäki özara gatnaşyklaryň mehanizmleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselesine hem garaldy. Şeýle hem ileri tutulýan ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilen maksatlar tassyklanyldy.







