Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler


Türkmenistanyň Desert Heritage, Binaym, Mukaddes we AyMahri brendleri 2026-njy ýylyň 5-7-nji sentýabrynda Parižde geçirilen “Who’s Next” halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler. Olaryň sergä gatnaşmagy Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan guraldy.

Sergä gatnaşmak türkmen önüm öndürijilerine özboluşly kolleksiýalaryny halkara hünärmenlerine görkezmäge, şeýle hem önümleri tanyşdyrmagyň, brendleriň bazardaky ornuny kesgitlemegiň, sergi diwarlyklaryny bezemegiň we alyjylar bilen işleşmegiň häzirki zaman usullaryny iş ýüzünde öwrenmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistandan gatnaşyjylaryň diwarlygy Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Gresiýanyň, Zambiýanyň we Ermenistanyň hünärmenleriniň ünsüni çekdi. Serginiň jemleri boýunça daşary ýurtly alyjylar, şol sanda Italiýadan bolan alyjylar, täjirçilik hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirdiler.

Şol bir wagtda türkmen telekeçileri üçin Pariže tanyşlyk sapary guraldy. 2-5-nji sentýabr aralygynda olar Texworld, Première Vision we Who’s Next ýaly öňdebaryjy dokma we moda sergilerine baryp gördüler, şeýle hem garaşsyz butikleriň, uniwersal dükanlaryň, giň sarp edijiler üçin niýetlenen dükanlaryň we medeni edaralaryň işi bilen tanyşdylar. Maksatnama gatnaşyjylara dünýäniň moda we dokma pudagyndaky häzirki meýiller, täze materiallar hem-de tehnologiýalar bilen tanyşmaga, şeýle hem Ýewropa bazarynda önümleri tanyşdyrmagyň amaly usullaryny görmäge mümkinçilik berdi.

«Kompaniýamyz jins geýimlerini doly önümçilik tapgyry boýunça öndürmäge ýöriteleşýär we eksporty ösdürmäge gönükdirilendir. Bu sapar bize mümkin bolan hyzmatdaşlary, alyjylary we üpjün edijileri tapmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Şeýle hem, ol Ýewropa bazarynyň talaplaryna has gowy düşünmäge ýardam berdi. Gazanylan bilimler, ýola goýlan aragatnaşyklar we amaly tejribe önümçiligi mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Aýna Denim önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, eksporty ösdürmek we täze halkara bazarlaryna çykmak üçin peýdalanylar.» Merdan Hudaýberdiýew, «AK Aýna» HJ-niň direktory, Aýna Denim, Türkmenistan
Sergä gatnaşmak we halkara tejribäni öwrenmek HSM-niň Türkmenistanyň moda we dokma pudagyndaky kärhanalarynyň ählumumy söwda zynjyrlaryna goşulyşmagyna ýardam bermek boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň dowamyna öwrüldi.

«Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasy barada
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama işewürlik gurşawyny gowulandyrmak we kiçi hem-de orta kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanda ykdysady ösüşe we mynasyp zähmeti üpjün etmäge ýardam bermegi maksat edinýär. Taslama Türkmenistanyň sebitleýin we ählumumy söwda, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen söwda gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagyna ýardam eder.








