HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awazada Aral deňzi üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça sebit duşuşygy geçirilýär

Sentýabr 14, 2026 | 12:40 |5244
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (UN SPAS) durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamaga bagyşlanan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygy geçirilýär«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (UN SPAS) durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamaga bagyşlanan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygy geçirilýär
Çeşme: BMGÖM

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (UN SPAS) durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamaga bagyşlanan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygy geçirilýär.

Iki günlük forum sebitiň ýurtlarynyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylaryny, ekologiýa we suw serişdeleri boýunça bilermenleri, şeýle hem halkara maliýe institutlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Gatnaşyjylaryň üns merkezinde sebitde suw howpsuzlygynyň umumy ileri tutulýan ugurlaryny ylalaşmak, Aralyň ekoulgamlaryny dikeltmek we serhetüsti suw akymlaryny netijeli dolandyrmak meseleleri durýar.

avaza-central-asian-meeting-un-special-program-aral-sea (4).JPG

«Aral deňziniň basseýni — howanyň üýtgemegi, ekoulgamlaryň ýagdaýy we ykdysady ösüşiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan sebitidir. BMGÖM üçin suw diplomatiýasy durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bilimleri, innowasiýalary we hyzmatdaşlygy birleşdirmegiň guralydyr», — diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan nygtady.

avaza-central-asian-meeting-un-special-program-aral-sea (7).JPG

Maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça wekiliýetler geljekki BMG-niň Ýörite maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin utgaşdyryş we maliýe mehanizmlerini kesgitleýän ýeke-täk resminamany işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler.

avaza-central-asian-meeting-un-special-program-aral-sea (9).JPG

Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň gatnaşmagynda, BMGÖM-niň we Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde, şeýle hem Blue Peace Central Asia şweýsariýa başlangyjynyň goldawy bilen guraldy.

avaza-central-asian-meeting-un-special-program-aral-sea (8).JPG

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026