Türkmenistanyň Prezidenti we Fransiýanyň täze ilçisi dialogyň oňyn depginini bellediler


Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususy işewürlik ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem energetika we infrastruktura pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grand bilen geçiren duşuşygynyň esasy ugurlary boldy.
Doly ygtyýarly wekil döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Liderine Prezident Emmanuel Makronyň mähirli salamyny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem BMG we ÝHHG ýaly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän dialogyň oňyn depgini bellenildi.
Döwlet Baştutany Fransiýanyň Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Taraplaryň arasynda köp ýyllaryň dowamynda toplanan özara ynam derejesiniň ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Şunda Aşgabadyň ýangyç-energetika toplumynda, ulag-logistika pudagynda we senagat kooperasiýasynda geljegi uly başlangyçlary durmuşa geçirmäge, şeýle hem ýerli bazarda köp wagtdan bäri iş alyp barýan fransuz kompaniýalaryny bu taslamalara çekmäge taýýardygy aýratyn nygtaldy.
Taraplar ynsanperwer we ylmy ugurlaryň hem möhümdigini tassykladylar. Bu ugurda bilelikdäki medeni taslamalar, bilim alyş-çalyşlary we köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan arheologik barlaglar däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolup durýar.








