HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagy we welaýatlardaky täze gurluşyklar boýunça iş maslahatyny geçirdi

Sentýabr 08, 2026 | 23:34 |3349
Oba hojalyk toplumyny ösdürmek, möwsümleýin işleriň geçirilişi, şeýle hem sebitlerde durmuş-önümçilik infrastrukturasynyň desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy we bellenen meýilnamalaryň berjaý edilişi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň esasy ugurlary boldyOba hojalyk toplumyny ösdürmek, möwsümleýin işleriň geçirilişi, şeýle hem sebitlerde durmuş-önümçilik infrastrukturasynyň desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy we bellenen meýilnamalaryň berjaý edilişi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň esasy ugurlary boldy
Çeşme: orient.tm

Oba hojalyk toplumyny ösdürmek, möwsümleýin işleriň geçirilişi, şeýle hem sebitlerde durmuş-önümçilik infrastrukturasynyň desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy we bellenen meýilnamalaryň berjaý edilişi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň esasy ugurlary boldy.

Häzirki döwürdäki oba hojalygy boýunça esasy wezipeleriň biri oba hojalyk möwsümleýin işlerini utgaşdyrmakdan ybarat. Olaryň hatarynda 2-nji sentýabrda başlan güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymyna taýýarlyk işleriniň barşyny utgaşdyrmak möhüm orun eýeleýär. Welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlarynda bellenilişi ýaly, ýylyň 9-njy sentýabrynda pagta ýygymyna başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylyp pagta arassalaýjy kärhanalar, pagta kabul ediş bölümleri, kombaýnlar toplumy we ýöriteleşdirilen awtoulaglar doly taýýar ýagdaýa getirildi.

Şol bir wagtyň özünde ýurduň ekin meýdanlarynda tehnikalaryň netijeli ulanylmagy we gallaçy daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinler ekilen ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Hususan-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ösdürilip ýetişdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine agrotehniki kadalaryň berjaý edilişini, zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işleri talabalaýyk geçirmegini hem-de daýhanlar bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Maslahatyň ýene bir esasy ugry Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän durmuş-medeni we önümçilik desgalarynyň gurluşygynyň barşyna gözegçilik etmek boldy. Döwlet Baştutany şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

00:20 Sentýabr 12, 2026
Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

15:00 Sentýabr 11, 2026
Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

00:09 Sentýabr 11, 2026