Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa boýunça olimpiada yglan edildi


Türkmenistanda umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa boýunça döwlet olimpiadasy geçirilip başlanýar. Bu intellektual bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, okuwçylaryň hünär ugruny saýlamagyna ýardam bermäge hem-de sanly bilimi ösdürmäge gönükdirilendir.
Bäsleşige ýurdumyzyň ähli mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşyp bilerler. Olimpiadanyň resmi geçirilýän dili — türkmen dili.
Olimpiada iki tapgyrda geçirilýär:
• Saýlawjy tapgyry: mekdeplerde, etraplarda, welaýatlarda, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär. Welaýat tapgyry 14-nji sentýabrda geçiriler. Onuň netijeleri boýunça her welaýatdan we paýtagtymyzdan iň gowy 5 okuwçy, şeýle hem Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan 3 wekil jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.
• Jemleýji tapgyr: 18-nji sentýabrda sagat 10:00-da Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler.
Olimpiadanyň jemleýji tapgyry aýratynlykda, kompýuterlerde ýörite programma üpjünçiliginiň kömegi bilen geçirilýär. Gatnaşyjylara test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek üçin 90 minut berilýär. Netijeler toplanan ballaryň esasynda awtomatiki usulda çykarylýar. Ýeňijilere I, II we III derejeli diplomlar gowşurylar.
Bilim edaralary tarapyndan tassyklanan gatnaşyjylaryň we olaryň mugallymlarynyň sanawlaryny 15-nji sentýabra çenli elektron poçta arkaly tdlu.iolimp@gmail.com salgysyna ibermek zerur.
Habarlaşmak üçin:
• Telefon belgileri: +993-12-48-99-32, +993 64 00 04 70
• E-mail: tdlu.iolimp@gmail.com
Bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri we Olimpiadanyň Düzgünnamasy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi internet saýtynda tanyşyp bolýar.
ORIENT







