HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda "sanly sum" synagdan geçirilýär: "HUMO" steýblkoinyň synag taslamasy başlandy

Sentýabr 09, 2026 | 18:58 |2224
Özbegistanda "Yuz.uz" neşiriniň habar bermegine görä, töleg serişdesi hökmünde "HUMO" durnukly tokenini synagdan geçirmek boýunça taslama başlandyÖzbegistanda "Yuz.uz" neşiriniň habar bermegine görä, töleg serişdesi hökmünde "HUMO" durnukly tokenini synagdan geçirmek boýunça taslama başlandy
Çeşme: yuz.uz

Özbegistanda "Yuz.uz" neşiriniň habar bermegine görä, töleg serişdesi hökmünde "HUMO" durnukly tokenini synagdan geçirmek boýunça taslama başlandy.

Taslama Geljegi uly taslama milli agentligi tarapyndan ýurduň Merkezi banky bilen bilelikde ýörite hukuk tertibi — kadalaşdyryjy "gum gutusynyň" çäklerinde durmuşa geçirilýär.

"HUMO" steýblkoiny milli walýutanyň sanly ekwiwalenti bolup durýar: bir tokeniň bahasy bir suma berk baglanyşyklydyr. Taslamanyň esasy aýratynlygy sanly tokenleriň çykarylyşynyň Özbegistan Respublikasynyň döwlet gymmat kagyzlary bilen doly üpjün ediljekdigidir. Taslamanyň operatory hökmünde "HUMO Digital" kompaniýasy çykyş edýär, tehniki hyzmatdaşy bolsa "Asterium" paýdarlar jemgyýetiniň kripto-platformasy boldy.

12 aýlyk synag möhletiniň dowamynda hünärmenler tokeniň dolanyşygynyň doly tapgyryny — onuň çykarylyşyndan başlap, harytlar we hyzmatlar üçin gündelik tölegleriň amala aşyrylmagyna hem-de bank we blokçeýn ulgamlarynyň birleşdirilmegine çenli synagdan geçirerler. Kadalaşdyryjy edaralar kiberhowpsuzlyga, geleşikleriň aç-açanlygyna we sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagyna aýratyn üns bererler.

"Sanly sumuň" işe girizilmegi Özbegistanyň maliýe pudagynda blokçeýn tehnologiýalarynyň netijeli ulanylyşyna baha bermäge we sebitde häzirki zaman sanly töleglerini ösdürmek üçin howpsuz infrastrukturany döretmäge mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026