HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sanly özygtyýarlylyga hormat goýmak — akylly geljegi bilelikde gurmak | HHR-niň Türkmenistandaky Ilçisiniň makalasy

Sentýabr 08, 2026 | 02:48 |2097
Häzirki wagtda emeli aň, uly maglumatlar, bulutlaýyn hasaplamalar we beýleki tehnologiýalar bilen şertlendirilýän ylmy-tehniki rewolýusiýanyň we senagat özgertmeleriniň täze tapgyry çalt depginlerde ösýär. Sanly tehnologiýalar önümçiligiň usullaryny we gündelik durmuşyň keşbini görlüp-eşidilmedik tizlikde üýtgedýär, halkara syýasy we ykdysady ýagdaýyna, şeýle hem howpsuzlyk ulgamyna düýpli täsirini ýetirýärHäzirki wagtda emeli aň, uly maglumatlar, bulutlaýyn hasaplamalar we beýleki tehnologiýalar bilen şertlendirilýän ylmy-tehniki rewolýusiýanyň we senagat özgertmeleriniň täze tapgyry çalt depginlerde ösýär. Sanly tehnologiýalar önümçiligiň usullaryny we gündelik durmuşyň keşbini görlüp-eşidilmedik tizlikde üýtgedýär, halkara syýasy we ykdysady ýagdaýyna, şeýle hem howpsuzlyk ulgamyna düýpli täsirini ýetirýär
Çeşme: unsplash

Häzirki wagtda emeli aň, uly maglumatlar, bulutlaýyn hasaplamalar we beýleki tehnologiýalar bilen şertlendirilýän ylmy-tehniki rewolýusiýanyň we senagat özgertmeleriniň täze tapgyry çalt depginlerde ösýär. Sanly tehnologiýalar önümçiligiň usullaryny we gündelik durmuşyň keşbini görlüp-eşidilmedik tizlikde üýtgedýär, halkara syýasy we ykdysady ýagdaýyna, şeýle hem howpsuzlyk ulgamyna düýpli täsirini ýetirýär.

Şol bir wagtyň özünde kiberhüjümler, maglumatlaryň syzdyrylmagy we algoritmleriň nädogry ulanylmagy bilen bagly töwekgelçilikler barha ýitileşýär; möhüm infrastruktura desgalary howpsuzlygyň täze howplary bilen ýüzbe-ýüz bolýar; sanly we intellektual tehnologiýalar ulgamyndaky önümçilik we üpjünçilik zynjyrlaryna emeli päsgelçilikler döredilýär, sanly deňsizlik bolsa barha giňeýär. Tehnologik ösüşiň ähli ýurtlaryň halklaryna has köp peýda getirmegini nädip üpjün etmeli? Bu döwrüň öňde goýýan we halkara jemgyýetçiliginiň bilelikde jogap bermeli meselesidir.

Şu ýylyň iýul aýynda BMG-niň Global kiberhowpsuzlyk boýunça hemişelik mehanizminiň ilkinji mejlisiniň çäklerinde Hytaý Birleşen Milletler Guramasyna «Hytaýyň sanly we intellektual döwürde global kibergiňişligi dolandyryşynyň garaýyş resminamasyny» hödürledi. Hytaý tarapy ozal öňe sürlen kibergiňişlikdäki özygtyýarlylyk ýörelgesini ösdürmek bilen, sanly özygtyýarlylygy hormatlamaga we inklýuziw ösüşe bilelikde ýardam bermäge çagyrdy.

Resminamada her bir ýurduň öz milli şertlerinden ugur alyp, sanly we intellektual tehnologiýalary, şol sanda emeli aňy ösdürmegiň ýoluny, şeýle hem degişli tehnologiýalary, önümleri we hyzmatlary özbaşdak saýlamaga hukugynyň bardygy nygtalýar. Hiç bir ýurt haýsydyr bir tarapy saýlamaga basyş edilmegine ýa-da mejbur edilmegine sezewar edilmeli däldir. Bu Hytaýyň Global dolandyryş başlangyjyny durmuşa geçirmek we kibergiňişlikde umumy ykbally jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam bermek boýunça nobatdaky amaly ädimidir, şeýle hem sanly we intellektual döwürde global dolandyryşyň çylşyrymly meselelerine Hytaýyň hödürleýän çözgüdidir.

Sanly özygtyýarlylygyň esasy özygtyýarly deňlikdir. Döwletleriň ululygyna, kuwwatyna we abadançylyk derejesine garamazdan, olaryň ählisi kibergiňişlikde deň hukuklara eýedir, halkara kadalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna deň derejede gatnaşmalydyr we sanly hem-de intellektual ösüşiň netijelerinden deň derejede peýdalanmalydyr. Ösüp barýan ýurtlar diňe bir sanly önümleriň ulanyjylary bolman, eýsem sanly we intellektual döwrüň düzgünlerini işläp taýýarlaýan hem-de sanly geljegi döredýän ýurtlar bolmalydyr.

Sanly özygtyýarlylyk howpsuzlygy üpjün etmek üçin jogapkärçiligi hem göz öňünde tutýar. Emeli aň, kwant tehnologiýalary we beýleki innowasiýalar tarapyndan döredilýän täze töwekgelçilikleriň öňünde halkara jemgyýetçiligi ösüşe we howpsuzlyga deň derejede üns bermeli, maglumatlaryň serhetara akymyny düzgünleşdirýän ýörelgeleri we kadalary kämilleşdirmelidir. Şeýlelikde, emeli aň kiberhowpsuzlygyň täze galkanyna öwrülmeli, birtaraplaýyn agalygy ýola goýmagyň täze guralyna öwrülmeli däldir.

Sanly özygtyýarlylygy hormatlamak asla özüňi çetleşdirmek we ýapyk gapylaryň aňyrsynda «sanly üzňe adalary» döretmek diýmek däldir. Munuň tersine, sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygy diňe her bir ýurduň özbaşdak saýlawyna hormat goýulýan ýagdaýynda berk binýada eýe bolup biler. Howpsuzlyk we ösüş bähbitleri ygtybarly üpjün edilen ýagdaýynda maglumatlar, tehnologiýalar we innowasiýalar işleriniň netijeleri serhetlerden has erkin geçip biler.

Hytaý adalatly, deňhukukly we kemsitmesiz ösüş gurşawynyň döredilmegini goldaýar; howpsuzlyk düşünjesiniň aşa giňeldilip düşündirilmegine, tehnologik monopoliýa we aýratyn hukuk berýän mehanizmlere garşy çykyş edýär. Şeýle hem sanly we intellektual tehnologiýalar ulgamyndaky global önümçilik we üpjünçilik zynjyrlarynyň açyk, howpsuz we durnukly bolmagyny, mümkinçilikleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň üsti bilen ösüp barýan ýurtlara sanly we intellektual tehnologiýalar babatda aratapawudy aradan aýyrmaga ýardam berilmegini goldaýar. Hut şu ýerde sanly özygtyýarlylyk bilen açyk hyzmatdaşlygyň sazlaşykly birligi ýüze çykýar.

Sanly we intellektual özgertmeleriň tolkuny öňe tarap yzygiderli hereket edýär. Hiç bir ýurt haýsydyr bir tarapy saýlamaga we beýlekileriň yzyna eýermäge mejbur edilmeli däldir; hiç bir ýurt sanlylaşdyrma işiniň çäginden daşarda galmaly däldir.

Hytaý Türkmenistan we halkara jemgyýetçiliginiň beýleki agzalary bilen bilelikde hakyky köptaraplylyk ýörelgelerine eýermäge, ähli döwletleriň sanly özygtyýarlylygyna hormat goýmaga, kibergiňişlikde parahatçylygy we howpsuzlygy goramaga, sanly we intellektual ösüşiň miweleriniň hemmeler üçin elýeterli bolmagyna ýardam bermäge, has adalatly we paýhasly, açyk we inklýuziw, howpsuz we durnukly, depginli ösýän kibergiňişligi bilelikde döretmäge taýýardyr. Şeýlelikde, sanly tehnologiýalar hakykatdan-da adamzadyň abadançylygyny ýokarlandyrýan we umumy ösüşe ýardam berýän kuwwatly güýje öwrüler.

HHR-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Aşa sagçy AfD Saksoniýa-Anhalt saýlawlarynda 44 göterim ses alyp, rekord netijäni görkezdi

Aşa sagçy AfD Saksoniýa-Anhalt saýlawlarynda 44 göterim ses alyp, rekord netijäni görkezdi

20:00 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026