Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler


Ösümlik dünýäsi baradaky maglumatlaryň bitewi sanly toplumynyň döredilmegi we täsin gerbar kolleksiýalarynyň dünýäniň ylmy platformalarynyň formatlaryna geçirilmegi Türkmenistanly we Özbegistanly botanika alymlarynyň akademiki hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň esasyny düzýär. Ösümlik dünýäsiniň nusgalaryny yzygiderli sanlylaşdyrmak we olary Biodürlülik boýunça ählumumy maglumat ulgamy (GBIF) ýaly açyk halkara maglumat çeşmelerine birleşdirmek iki ýurduň ylmy jemgyýetleriniň gurak howa sebitleriň ekologiýasy, taksonomiýasy we genetiki serişdelerini gorap saklamak boýunça düýpli hem-de amaly barlaglary geçirmekleri üçin düýbünden täze mümkinçilikleri açýar.

Bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek boýunça amaly ädimler, şol sanda gerbar nusgalaryny işlemek we halkara maglumatlar binýatlary üçin ylmy neşirleri taýýarlamagyň usulyýeti boýunça bilelikdäki amaly okuwlar, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň wekiliýetiniň Aşgabat şäherindäki Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutyna bolan saparynyň dowamynda jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbek we türkmen hünärmenleriniň üns merkezinde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek görnüşleri hasaba almak, şeýle hem ýurduň Milli gerbar gaznalary bilen bilelikde işlemek meseleleri boldy.

Bu uguryň ähmiýeti Merkezi Aziýanyň ekoulgamlarynyň geografiki taýdan biri-birinden aýrylmazlygy bilen şertlendirilýär. Türkmenistan we Özbegistan bir bitewi tebigy-howa zolagynda ýerleşýär hem-de Garagum we Gyzylgum çölleriniň, Aral deňziniň basseýniniň we dag ulgamlarynyň umumy landşaftlaryny paýlaşýarlar. Çölleşme, topraklaryň zaýalanmagy we howanyň üýtgemegi goňşy döwletleriň alymlaryndan jebisleşdirilen çözgütleri talap edýär.
Ösümlik dünýäsiniň bitewi sanly platformasynyň döredilmegi ösümlik jemgyýetleriniň göçüşini we özgerişini hakyky wagt tertibinde yzarlamaga, duza we gurakçylyga çydamly görnüşleri ýüze çykarmaga, şeýle hem çölleşmä garşy göreşmegiň we serhetýaka sebitleri bagy-bossanlyga öwürmegiň netijeli usullaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer. Munuň bolsa tutuş sebitiň ekologik howpsuzlygy we durnukly oba hojalyk pudagy üçin örän uly ähmiýeti bardyr.







