HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

Sentýabr 07, 2026 | 06:20 |3436
Türkmenistan 4–7-nji sentýabr aralygynda Portugaliýanyň paýtagty Lissabon şäherinde geçirilýän «Bitewti saglyk» atly 9-njy Bütindünýä kongresine gatnaşýarTürkmenistan 4–7-nji sentýabr aralygynda Portugaliýanyň paýtagty Lissabon şäherinde geçirilýän «Bitewti saglyk» atly 9-njy Bütindünýä kongresine gatnaşýar
Çeşme: State Veterinary Service of Turkmeniatan

Türkmenistan 4–7-nji sentýabr aralygynda Portugaliýanyň paýtagty Lissabon şäherinde geçirilýän «Bitewti saglyk» atly 9-njy Bütindünýä kongresine gatnaşýar. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bilermenleri, alymlary we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemlän iri halkara forumyň çäginde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň müdiri, «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça Milli utgaşdyryjysy Arslan Soltanmyradow ýöriteleşdirilen sessiýada çykyş edip, biologik we ekologik howpsuzlyk ulgamynda pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň tejribesini hödürledi.

Lissabonda ara alnyp maslahatlaşylýan «Bitewi saglyk» (One Health) çemeleşmesi häzirki zaman ylmy düşünjäni şöhlelendirýär. Oňa laýyklykda, adamyň abadançylygyna haýwanat dünýäsiniň we daşky gurşawyň ýagdaýyndan üzňe garamak mümkin däldir. Iş ýüzünde bu umumy howplaryň öňüni almak üçin lukmanlaryň, weterinar hünärmenleriniň, ekologlaryň we agronomlaryň tagallalaryny birleşdirmegi aňladýar. Şeýle bitewi gözegçilik ulgamynyň döredilmegi howply ýokanç keselleri we zoonoz keselleri haýwanlarda ýüze çykan ilkinji döwründe anyklamaga, azyk önümçiligi zynjyrlarynyň üsti bilen antibiotiklere durnuklylygyň ýaýramagynyň öňüni almaga hem-de klimatyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmaga mümkinçilik berýär.

turkmenistan-presents-experience-world-one-health-congress-lisbon (2).jpg

Türkmenistan üçin şeýle ýokary derejeli foruma gatnaşmak epidemiologik we weterinariýa gözegçiliginiň milli mehanizmlerini dünýäniň saglygy goraýyş ulgamyna birleşdirmek boýunça nobatdaky amaly ädim bolup durýar. Pudagara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we biologik howpsuzlygyň halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagy diňe bir ilatyň saglygyny ygtybarly goramaga we ekoulgamlaryň bitewüligini saklamaga däl, eýsem oba hojalyk pudagynyň durnuklylygyny pugtalandyrmaga hem mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýurduň uzak möhletleýin ykdysady we ekologik abadançylygyna ýardam edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

06:20 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

06:05 Sentýabr 07, 2026