Türkmenistanyň welaýatlarynyň prokuratura edaralarynda işgärleriň bellenilmegi


Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow ýurduň prokuratura edaralarynda işgärler bilen bagly üýtgetmeler hakynda Karara gol çekdi. Resminama «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda kabul edildi.
Gol çekilen Karara laýyklykda, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda prokuror gözegçiliginiň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeler geçirildi.
Balkanabat şäheriniň prokurory wezipesine Azat Şähergeldiýew bellenildi. Ol bu wezipede Serdar Hojamgulyýewiň ornuna geldi. Mary welaýatynda Mary şäheriniň prokurory wezipesine Sapaguly Welbekow bellenilip, ol Döwletgeldi Mämmetamanowyň ornuny eýeledi. Garagum etrabynyň prokurory wezipesine bolsa Batyr Artykowyň ornuna Baýrammyhammet Ýaryýew bellenildi. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň prokurory wezipesinden Şirguly Şirkulyýew boşadyldy.








