Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi harby we hukuk goraýjy edaralarynda sekiz aýda alnyp barlan işleriň netijelerini jemledi


4-nji senýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamlary ulgamlaýyn ornaşdyrmak, hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmek strategiýasynda infrastrukturany toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak esasy orun eýeleýär. Mejlisde prokuratura edaralaryndaky işgärler bilen bagly degişli çözgütler kabul edildi. Şeýle hem Daşoguz we Mary welaýatlarynda migrasiýa gullugynyň bölümleri üçin täze edara binalaryny we gulluk ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda karar kabul edildi.
Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyny durmuşa geçirmäge, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetçilik howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň serhedi hökmünde döwlet serhedini goramaga, şeýle hem sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan biraýlygyň çäklerinde alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.








