Özbegistanyň Merkezi banky maýadarlary Merkezi Aziýa ýeke-täk bazar hökmünde garamaga çagyrdy


Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aýratynlykda maýa goýum merkezi bolmak ugrunda bäsleşmeginden, tutuş sebiti uly göwrümli ýeke-täk bazar hökmünde öňe sürmek has netijelidir. Bu barada Özbegistanyň Merkezi bankynyň başlygy Timur Işmetow Financial Times neşirine beren interwýusynda aýtdy. Ol goňşy ýurtlaryň arasynda ykdysady syýasaty has çuňňur utgaşdyrmagyň we açyk söwda giňişligini döretmegiň zerurdygyny nygtady.
Sebitiň birleşmeginiň esasy binýady onuň güýçli demografik we ykdysady kuwwatydyr. Ýakyn ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemi ilatynyň 100 million adamdan geçmegine, uzak möhletleýin geljekde bolsa sebit ykdysadyýetleriniň umumy möçberiniň 1 trillion dollara ýetmegine garaşylýar. Bu ýagdaý Merkezi Aziýany iri halkara maýasy üçin has özüne çekiji sebite öwürýär. Düzgünleşdiriji edaranyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň kadalaşmagy we ösdürilmegi eýýäm sebitiň ähli ýurtlarynyň ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi hem-de özara bähbitli, ýagny win-win netijäni döredýär.
Umumy bazaryň kemala getirilmegi we içerki gapma-garşylyklardan el çekilmegi Merkezi Aziýa sebitine dünýä ykdysadyýetinde bitewi we öňünden çaklap bolýan subýekt hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berer.
Çeşme: Habar halkara Financial Times gazetinde we «Gazeta.uz» neşirinde çap edilen maglumatlaryň esasynda taýýarlanyldy.








