BMG-niň Baş Assambleýasy emeli aňyň howpsuzlygyna bagyşlanan Halkara gününi döretdi


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 31-nji awgusty Halkara howpsuz, goragly we ynamdar emeli aň güni diýip yglan edýän kararnamany kabul etdi. Resminamanyň başlangyjyny Täjigistan öňe sürdi, dünýä senenamasynda bu güne bagyşlanan çäreler 2027-nji ýyldan başlar.
Sene saýlanyp alnanda dünýä ylmynyň taryhy hem göz öňünde tutuldy. Hut 1955-nji ýylyň 31-nji awgustynda meşhur Dartmut ylmy-barlag seminarynyň taslamasy ilkinji gezek beýan edilipdi. Şol seminaryň netijesinde «emeli aň» diýen adalga ylmy dolanyşyga girizildi we algoritmleri öwrenmek özbaşdak akademiki ugur hökmünde kemala geldi.
Täze platformanyň esasy maksady her ýyl dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni emeli aňy dolandyrmagyň etiki ölçeglerini işläp düzmäge çekmek, öňdebaryjy tejribäniň alyşylmagyna ýardam etmek we maglumatlary tehnologik töwekgelçiliklerden goramakdan ybaratdyr.
Kararnamanyň tekstine laýyklykda, BMG-niň degişli esasy düzümlerine, şol sanda Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigine we ÝUNESKO-a agza döwletlere sanly mümkinçilikleri ösdürmek boýunça maksatnamalary döretmekde amaly goldaw bermek tabşyryldy.
Resminamanyň kabul edilmegi täze tehnologiýalaryň howpsuzlygy boýunça ählumumy dialogda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işjeň gatnaşyjylar hökmünde ornuny pugtalandyrmak ugrunda nobatdaky ädim boldy.







