Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň direktory bilen duşuşdy


30-njy awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň direktory Dr. Abdulaziz Al-Horr bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Ilçi 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda ýokary derejede guralýan çäreler bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ugurlary, dünýäde parahatçylygy berkitmek ugrunda edýän ägirt uly tagallalaryny belledi.
Şeýle hem ýurdumyzyň ösüşi we şu ýylyň dowamynda geçiriljek wajyp çäreler barada tanyşdyrmak bilen, 23-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetini belledi. Aýratyn hem bu mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm ugurlary boýunça meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna, il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň we halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen wezipeleriň kesgitlenmegine garaşylýandy barada aýtdy.

Duşuşykda türkmen-katar gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürilýändigi bellenildi we Kataryň Diplomatik instituty bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda bar bolan ylalaşyklaryň çäginde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
ORIENT








