Türkmenistandaky Fransuz instituty Açyk gapylar gününe çagyrýar


5-nji sentýabrda Türkmenistandaky Fransuz instituty Açyk gapylar gününi geçirer. Sagat 15:00-dan 19:30-a çenli Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dil sapaklarynyň görkezilişlerinden başlap, medeni çykyşlara we teatr sahnalaryna çenli baý maksatnama hödürlener.
Çärä gatnaşyjylar dil kurslary, ene dili fransuz dili bolan mugallymlar bilen söhbetdeşlik klublary, DELF/DALF halkara synaglaryna bildirilýän talaplar hem-de mediatekanyň mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyşyp bilerler. Guramaçylar täze medeniýetiň özboluşly atmosferasyny ýakynlary we dostlary bilen paýlaşmak üçin çärä bilelikde gelmegi maslahat berýärler.
Agşamyň esasy wakalarynyň biri fransuz suratçysy Pol Nadaryň «Türkmen topraklaryna syýahat» atly fotosergisiniň açylyşy bolar. Sergide awtoryň 1890-njy ýylda Türkmenistana eden saparynyň dowamynda düşüren täsin taryhy suratlary görkeziler.
Çäräniň maksatnamasy:
• 15:00 – 15:45 – Institut, kurslar, ussatlyk sapaklary we klublar barada tanyşdyrylyş.
• 15:45 – 16:15 – DELF/DALF diplomlarynyň dabaraly gowşurylyşy.
• 16:15 – 16:45 – Çagalar, ýetginjekler we ulular üçin açyk görkezme sapaklary.
• 16:30 – 17:15 – PlayStation arkaly oýun görnüşinde fransuz dilini öwrenmek.
• 17:00 – 17:30 – Fortepiano eserleriniň ýerine ýetirilmegi bilen sazly arakesme.
• 17:30 – 18:00 – Institut talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Molýeriň «Lukman mejbury ýagdaýda» atly pýesasynyň teatr sahnasy.
• 18:00–19:30 – Interaktiw agşam we fransuz aýdymlaryndan karaoke.
Çärä giriş hemmeler üçin mugt.
ORIENT








