HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

Sentýabr 05, 2026 | 19:00 |252
Çeşme: orient.tm

Amerikanyň elektromobilleri öndürýän “Tesla” penşenbe güni kompaniýanyň baş edarasy ýerleşýän Tehas ştatynyň Ostin şäherinde özbaşdak hereket edýän “Cybercab: robotaksisini resmi taýdan işe girizdi. Ilkinji gezek 2024-nji ýylda tanyşdyrylan altynsow reňkli bu ulag iki adamlyk sedan bolup, onda rul we pedal ýok. Ulag doly diýen ýaly özbaşdak hereket etmegi üpjün edýän awtonom sürüş programma üpjünçiligine daýanýar. Ulagyň içinde diňe uly interaktiw sensor ekrany ýerleşdirilen bolup, ol iki ýolagçyny gatnatmaga niýetlenendir.

Ulag ruldan, pedallardan we aýnalardan mahrum bolanda, ol indi diňe bir ulag serişdesi bolman, eýsem esasy wezipesi ýolagçyny daşamak däl-de, ony bellenilen ýere eltip goýmakdan ybarat bolan hereket edýän robota öwrülýär. Awtopilot ulgamynda öwrülişikleri wada beren “Tesla” onlarça ýyldan soň, ahyrynda sözden işe geçýär.

“Cybercab” diňe bir nobatdaky ulag modeli däl, eýsem awtoulagyň hyzmat görnüşine, sürüjiniň bolsa ýolagça öwrülýän täze döwrüniň nyşanydyr. Emma tehnologiki täzeliklere höwes bildirýänleriň tolgunmasy bilen bir hatarda birnäçe sorag hem ýüze çykýar: şäherler, kanunlar we adamlar ulaglaryň nirä gitmelidigini soramazdan, özbaşdak hereket edýän dünýäsine taýynmy?

Tesla kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, “Cybercab”-yň ahyrky bahasy takmynan 30 müň ABŞ dollary bolar. Garaşylýan energiýa sarp edilişi bolsa bir kilowatt-sagatda 9,8 kilometre deňdir. Tesla eýýäm Ostiniň ýörite bellenen çäginde 45 sany “Cybercab” robotaksisini ulanyp, tölegli gatnawlary ýola goýdy. Analitikler bu ulagyň işe girizilmeginiň “Tesla”-nyň özbaşdak sürüş hyzmatynyň üýtgedilen awtoulaglardan ýörite işlenip taýýarlanan awtonom ulaglara geçýändigini görkezýändigini belleýärler.

Bar bolan “Tesla” modellerine oturdylan awtopilot ulgamlarynyň öňki görnüşlerinden tapawutlylykda, “Cybercab” ilkibaşdan doly özbaşdak hereket edýän ulag hökmünde taslanyldy. Ruldan we pedallardan ýüz öwürmek diňe bir dizaýn çözgüdi bolman, eýsem hereket we gatnaw düşünjesine düýpli täzeden garamak ugrunda möhüm ädimdir.

Kompaniýanyň synag işlerini geçirýän Ostin şäherinde “Cybercab” eýýäm tölegli ýolagçylar bilen şäher köçelerine çykdy. Şeýle-de bolsa, giň gerimli işe girizmek üçin diňe bir tehniki taýdan kämilleşdirmek däl, eýsem kanunçylyga üýtgetmeler girizmek we şäher infrastrukturasyny täze şertlere uýgunlaşdyrmak hem zerur bolar. Awariýa ýüze çykan ýagdaýynda howpsuzlyk we jogapkärçilik meselesi henizem açyklygyna galýar. Muňa garamazdan, “Tesla” onýyllygyň ahyryna çenli robotaksileriň dünýäniň şäherlerinde adaty ulaglaryň bir bölegine öwrüljekdigine ynanýar.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, “Cybercab”-yň Ostinde işe girizilmegi “Tesla” we tutuş awtonom sürüş pudagy üçin öwrülişik pursadyny alamatlandyrýar. Ruldan we pedallardan ýüz öwürmek diňe bir tehniki täzelik bolman, eýsem filosofiki garaýşyň üýtgemegidir: awtoulag indi dolandyryş guraly bolmakdan çykyp, hereket etmegiň gurşawyna öwrülýär. Doly awtomatlaşdyrmaga barýan ýol uzak bolar we “Tesla”-nyň Ostindäki üstünligi tutuş pudak üçin möhüm synag bolup hyzmat eder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026
Ýemendäki afrikaly migrantlar ynsanperwerlik krizisine duçar boldy

Ýemendäki afrikaly migrantlar ynsanperwerlik krizisine duçar boldy

15:00 Sentýabr 05, 2026