Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema we wise-prezident Mutale Nalumango ýurduň paýtagty Lusakadaky Milli Gahrymanlar stadionynda Zambiýanyň raýatlarynyň, sebitiň ýurtlarynyň liderleriniň, daşary ýurt hökümetleriniň hem-de halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda kasam kabul etdiler.
Afrika ýurdunyň lideriniň ikinji gezek Prezidentlik wezipesine girişmegi diňe bir syýasy dabaradan ybarat däldir. Bu — millionlarça adamyň özleriniň baglan umytlarynyň amala aşandygyny ýa-da aşmandygyny ölçerýän pursadydyr. Hakainde Hiçilemanyň gaýtadan saýlanmagy diňe onuň geçen döwürdäki işine berlen baha bolman, eýsem geljege bolan ynamyň hem özboluşly öňünden berlen kepilidir.
Ykdysadyýeti gowşak ýagdaýda galýan, infrastruktura we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda gyssagly çözgütleri talap edýän meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtda Prezidentiň her bir täze möhleti berkligiň synagyna öwrülýär. 2021-nji ýylda häkimiýete gelşi eýýäm taryhy waka öwrülen Hiçilema bu gezek hem tutuş halka hyzmat etjekdigini wada berdi. Ol Zambiýanyň ösüşiniň diňe jebislik we kesgitleýji hereketler arkaly mümkin boljakdygyny nygtady.
Hiçilema öz çykyşynda zambiýalylara özüne we hökümetine ýene bir möhlet üçin bildiren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol öňümizdäki bäş ýylyň raýatlaryň abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdiriljekdigini aýtdy.
«Men Zambiýanyň ähli halkynyň Prezidenti hökmünde mundan beýläk-de hyzmat etmegi dowam etdirerin» diýip, Hiçilema aýtdy. Prezident özüniň administrasiýasynyň Zambiýada infrastruktura ösüşini we senagat özgertmelerini çaltlandyrjakdygyny, dag-magdan senagatynda, oba hojalygynda, syýahatçylykda we energetikada ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy. Şeýle hem ol bilime, hünär taýýarlygyna we saglygy goraýşa goýulýan maýa goýumlaryny artdyrmagy wada berdi.
Mundan başga-da, zenanlar we ýaşlar üçin ykdysady mümkinçilikleri giňeltmek, ilatyň garyp we durmuş taýdan goraga mätäç gatlaklaryny goldamak ulgamyny güýçlendirmek, täze iş orunlaryny, telekeçilik mümkinçiliklerini we býujete salgyt girdejilerini artdyrmak meýilnamalarynyň bardygyny mälim etdi.
64 ýaşly Hiçilema ilkinji gezek 2021-nji ýylda Zambiýanyň Prezidenti saýlanypdy. Ol awgust aýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gaýtadan saýlandy. Zambiýanyň günorta welaýatynda doglan Hakainde Hiçilema 2021-nji ýylda şol wagtky Prezident Edgar Lunguny sawlarda ýeňip, häkimiýete geldi. Onuň ýeňşi « Watançylyk fronty» partiýasynyň sekiz ýyllyk dolandyryşyndan soň ýurduň syýasy ugrunyň üýtgändigini görkezdi.
Milli ösüşiň birleşen partiýasyna wekilçilik edýän Hiçilema korrupsiýa garşy göreşe, ykdysadyýeti dikeltmäge we ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berdi. Afrikanyň iri mis öndürijileriniň biri bolan Zambiýa häzirki wagtda ykdysadyýet bilen bagly çynlakaý çagyryşlar, şol sanda ýokary döwlet bergisi we çig mal eksportyna aşa garaşlylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Prezidentiň ikinji möhleti, aýratyn-da senagat önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak we täze iş orunlaryny döretmek baradaky wadalarynyň ýerine ýetirilmegi babatda aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolar.
“CCTV+”-niň habar berşi ýaly, Hiçilemanyň gaýtadan saýlanmagy diňe Zambiýanyň içeri syýasatyndaky waka bolman, eýsem halkara maýadarlaryna we ýurduň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryna hem möhüm yşarat bolup durýar. Sebitde möhüm orun eýeleýän Zambiýada häkimiýetiň durnuklylygy we syýasy dowamlylygy tutuş Günorta Afrika üçin ähmiýetlidir. Prezidentiň ikinji möhletiniň üstünlikli bolmagy hökümetiň ykdysady çagyryşlary näderejede netijeli çözjekdigine we ýene-de Hiçilemanyň tarapyny saýlan raýatlaryň bildirýän ynamyny näderejede ödäp biljekdigine bagly bolar.






