HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ekerançylary güýzlük bugdaý ekişine girişdiler

Sentýabr 03, 2026 | 06:05 |2656
Türkmenistanda oba hojalyk möwsüminiň esasy tapgyry başlandy — 2-nji sentýabrda ýurduň ähli welaýatlarynda bir wagtda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Ähli sebitlerde ekiş möwsüminiň bir wagtda başlamagy gallaçylara amatly şertlerden has netijeli peýdalanmaga we geljekki hasylyň binýadyny goýmaga mümkinçilik berýärTürkmenistanda oba hojalyk möwsüminiň esasy tapgyry başlandy — 2-nji sentýabrda ýurduň ähli welaýatlarynda bir wagtda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Ähli sebitlerde ekiş möwsüminiň bir wagtda başlamagy gallaçylara amatly şertlerden has netijeli peýdalanmaga we geljekki hasylyň binýadyny goýmaga mümkinçilik berýär
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda oba hojalyk möwsüminiň esasy tapgyry başlandy — 2-nji sentýabrda ýurduň ähli welaýatlarynda bir wagtda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Ähli sebitlerde ekiş möwsüminiň bir wagtda başlamagy gallaçylara amatly şertlerden has netijeli peýdalanmaga we geljekki hasylyň binýadyny goýmaga mümkinçilik berýär.

Asylly däbe görä, ekiş möwsümine sebitleriň ýaşululary ekişe badalga berip, nobatyny mehanizatorlara geçirdiler. Ýurdun obasenagat toplumynyň tehniki binýady möwsüme doly taýýarlyk bilen geldi: meýdanlara topragy işläp taýýarlaýan we ekiji tehnikalaryň doly toplumy çykaryldy. Bu bolsa agrotehniki möhletleriň, tohumlary talaba laýyk ekilmegini we toprakdaky çyglylygyň saklanmagyny üpjün edýär.

Işleriň başlamagy bilen bir hatarda, ähli welaýatlarda agronomlar, mehanizatorlar we kärendeçiler üçin amaly okuw-seminarlar geçirildi. Esasy üns häzirki zaman agrotehniki usullaryny ornaşdyrmaga, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmaga we däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiki döwrebap usullary berjaý etmäge gönükdirildi.

Ekiş möwsüminiň başlanmagy däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gazananlarynyň sergisi bilen utgaşdyrylýar. Sergide diňe bir tehniki serişdeler we ýokary hasylly bugdaý sortlary däl, eýsem, ýurduň azyk garaşsyzlygynyň doly önümçilik tapgyryny görkezýän gaýtadan işleýän senagatyň taýýar önümleri hem görkezilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026