Türkmenistan bilen Azerbaýjan konsullyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrdy


2-nji sentýabrda Aşgabatda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň degişli gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny goramak hem-de migrasiýa we hukuk ulgamlaryndaky amaly meseleleri çözmekden ybarat boldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň raýatlarynyň kanuny bähbitlerini goramak bilen bagly meseleleriň toplumyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar migrasiýa gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, hukuk kömegini bermek we iki döwletiň ygtyýarly edaralarynyň arasyndaky aragatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary üçin amatly şertleri döretmäge, şeýle hem olaryň bolýan ýerlerini resmileşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, edaralaryň wekilleri goşa raýatlyk ýagdaýlarynyň öňüni almak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we migrasiýa hem-de hukuk goraýjy edaralar ulgamynda tejribe alyşmagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ädimleri kesgitlediler.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar konsullyk geňeşmeleriniň Teswirnamasyna gol çekdiler. Resminamada gepleşikleriň esasy netijeleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklar berkidildi.
ORIENT








