Izmirde Fashion Prime 2026 sergisi geçiriler


21–23-nji oktýabrda Türkiýäniň Izmir şäherindäki Fuarizmir sergi merkezinde dokma önümleriniň, taýýar egin-eşikleriň, tehnologiýalaryň we tikinçilik pudagy üçin önümleriň 9-njy Halkara sergisi — Fashion Prime geçiriler. Bu iri pudaklaýyn forum dünýäniň önüm öndürijilerini, dizaýnerlerini, satyn alyjylaryny we moda biznesiniň wekillerini bir ýere jemlär.
Bu çäre halkara baýerlerini mata, döwrebap ýüplük we ýokary hilli tikinçilik furniturasy bilen üpjün edijiler bilen baglanyşdyrýan möhüm söwda meýdançasy bolup hyzmat edýär. Serginiň çäklerinde agşamlyk we toý modasynyň ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Şol sebäpli bu meýdança tikinçilik pudagynyň hünärmenleri üçin esasy merkezleriň birine öwrülýär.
Serginiň esasy bölümleri:
• Materiallar we furnitura: tikinçilik üçin dürli görnüşli matalar, ýüplükler, sapaklar we esbaplar;
• Taýýar egin-eşikler: gündelik, işewür we baýramçylyk egin-eşikleriniň täze kolleksiýalary;
• Ýörite bölüm: toý we agşamlyk lybaslary üçin aýratyn we eksklýuziw materiallar hem-de çözgütler;
• Tehnologiýalar: tikinçilik önümçiligi üçin enjamlar, degişli hyzmatlar we IT çözgütleri.
Moda brendleriniň, lomaý we bölek satuw torlarynyň wekilleri, dizaýnerler we atelýeler üçin Fashion Prime möhüm amaly mümkinçilikleri hödürleýär. Gatnaşyjylar pudagyň täze ugurlaryny gönüden-göni öwrenip, täze we ygtybarly üpjün edijileri tapyp, amatly şertlerde şertnamalar baglaşyp, halkara işewürlik gatnaşyklaryny giňeldip bilerler.
Hasaba durmak we maksatnama barada giňişleýin maglumat almak üçin çäräniň resmi web sahypasyna girip bilersiňiz: fashionprime.izfas.com.tr.
ORIENT








