HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tokionyň Transýewraziýa ulgamy we näme üçin Aşgabat Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň saparynyň daýanç nokadyna öwrüldi

Sentýabr 02, 2026 | 22:33 |6921
Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimisu Moteginiň häzirki wagtda Türkmenistana, Slowakiýa, Awstriýa we Mongoliýa amala aşyrýan sapary bir bada seredeniňde diplomatik «garyndy» ýaly görünýärÝaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimisu Moteginiň häzirki wagtda Türkmenistana, Slowakiýa, Awstriýa we Mongoliýa amala aşyrýan sapary bir bada seredeniňde diplomatik «garyndy» ýaly görünýär
Çeşme: japantimes.co.jp

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimisu Moteginiň häzirki wagtda Türkmenistana, Slowakiýa, Awstriýa we Mongoliýa amala aşyrýan sapary bir bada seredeniňde diplomatik «garyndy» ýaly görünýär. Biri-birinden beýle tapawutly döwletleri tapmak kyn. Emma häzirki zaman ýapon diplomatiýasynda tötänleýin ugurlar bolmaýar. Bu daşyndan seredeniňde «dürli ölçegdäki» ýurtlaryň bir ugra birleşmeginiň aňyrsynda Tokionyň «torlaýyn diplomatiýa» düşünjesine we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň Erkin we açyk konsepsiýasyna täzelenen garaýşyna esaslanýan çuň strategik logikasy ýatyr.

Bu Ýaponiýanyň işjeň öňe sürýän strategik konsepsiýasy bolup, onuň maksatlary halkara tertibiniň kadalaryny, deňiz we howa gatnawlarynyň erkinligini üpjün etmekden, deňiz giňişliginde kanunyň hökmürowanlygyny berkitmekden, infrastrukturany ösdürmekden we sebitdäki hyzmatdaşlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. «Torlaýyn diplomatiýa» bolsa berk bloklary däl-de, köpugurly taslamalar we utgaşdyrma arkaly bu ýörelgeleri goldamak üçin çeýe bileleşikleri we hyzmatdaşlyklary döretmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle saparlar-gatnaşyklar arkaly Ýaponiýa birnäçe möhüm geosyýasy wezipeleri çözýär hem-de birnäçe möhüm sebäbe görä bu ýurtlary bir saparyň çäginde birleşdirýär. Motegi Aşgabada uçmazdan ozal esasy maksadyň Ýewraziýada geosyýasy ýagdaýyň görlüp-eşidilmedik derejede çylşyrymlaşýan şertlerinde düzgünlere esaslanýan halkara tertibini berkitmekdigini aýtdy. Bu, Ýewraziýa ugrunda «bir pikirdeşleriň guşagyny» döretmekdir.

Mongoliýa bilen Türkmenistan bu guşakda Ýewraziýanyň iň iri döwletleri bilen serhetleşýän guryýer merkezi hökmünde çykyş edýär. Ýaponiýa üçin bu ýurtlaryň köpugurly diplomatiýanyň çäginde özbaşdaklygyny, Türkmenistan babatda bolsa hemişelik Bitaraplygyny goldamak arkaly hyzmatdaşlygyň çäginde galmagyny üpjün etmek örän möhümdir. Günüň dogýan ýurdy üçin Slowakiýa bilen Awstriýa bolsa Merkezi Ýewropadaky amatly guryýer merkezleridir.

Şeýlelikde, Tokionyň dört ýurdy bir ugra birleşdirmegi arkaly Transýewraziýa hyzmatdaşlar ulgamyny döredýändigi görünýär. Bu ýurtlar diňe logistika ugurlaryny däl, eýsem ýapon diplomatiýasynyň garaýşyna görä, syýasy ugurlary hem diwersifikasiýa etmegiň tarapdary bolup çykyş edýärler.

Dürli ýurtlaryň bir sapara birleşdirilmeginiň ikinji mümkin bolan sebäbi bolsa samuraý ruhuna mahsus bolan pragmatizm we aşa rasional çemeleşmedir. Diplomatiýada bu Tokionyň hatda möhüm halkara hyzmatdaşlarynyň pikirlerine garamazdan, özüne bähbitli köpugurly formatlardan garaşsyz peýdalanmagynda ýüze çykýar.

Şeýlelikde, Ýaponiýa sebit birleşmelerine «toplumlaýyn» gatnaşmak arkaly çykdajylary azaldýar we saparyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Mysal üçin, Slowakiýada Motegi diňe ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmek bilen çäklenmän, eýsem «Wişegrad toparynyň» ministrler derejesindäki mejlisine hem gatnaşar. Bu toparyň ady Polşa, Çehiýa, Slowakiýa we Wengriýanyň hyzmatdaşlyk baradaky beýannamasyna gol çekilen Wengriýanyň şäheriniň adyndan gelip çykýar.

Ýaponiýa bu birleşmäniň düzümine girmeýär, diňe onuň hyzmatdaşydyr. Muňa garamazdan, Motegi Bratislawa bir sapary bilen Merkezi Ýewropanyň dört döwleti bilen iş gün tertibini birbada alyp barar.

Bu Ýaponiýanyň Merkezi Aziýanyň «bäşligine» (indi bolsa eýýäm «altylygyna») bolan strategiýasynyň aýna görnüşindäki beýanyna meňzeýär. Bu ýerde Tokio «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogyny işjeň ösdürýär. Şeýle usul bilen ýapon ministri sebitdäki möhüm «kiçi we orta döwletleriň bileleşikleriniň» arasynda hereket edýär. Moteginiň saparynyň ýurtlarynyň ykdysady taýdan birmeňzeş däldigi kemçilik däl-de, Ýaponiýanyň bähbitleriniň özara üstüni ýetirmegine esaslanýan inçe hasaplamadyr.

Bu ýagdaýda Tokionyň bähbitleri energetika howpsuzlygy we möhüm strategik minerallar bilen baglydyr. Aşgabatda Motegi gaz we himiýa pudaklaryndaky senagat taslamalaryna, Türkmenistanyň baý tebigy serişdelerini Tokionyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen utgaşdyrmaga, şeýle hem ýaşyl energetika, wodorod we ýapyk aýlawly ykdysadyýete aýratyn ähmiýet berdi. Mongoliýada bolsa esasy üns seýrek ýer metallaryna gönükdiriler.

Öz gezeginde, Awstriýa Tokio üçin halkara agentlikleri — Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) we Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlyk etmek hem-de ählumumy howpsuzlyk boýunça çemeleşmeleri utgaşdyrmak üçin amatly meýdança bolup çykyş edýär. Slowakiýa bolsa Ýewropa Bileleşiginiň iň kuwwatly awtomobil we senagat merkezleriniň biri bolup, Ýaponiýa üçin möhüm önümçilik zynjyrlary şol ýerde ýerleşýär.

Awstriýanyň Ýewropanyň merkezinde ýerleşýän bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ruhuna ýakynlygy hem göz öňünde tutulmalydyr. Tokio ählumumy konfliktleriň dartgynlygyny peseltmek boýunça garaýyşlary sazlamak üçin Wenadan peýdalanyp biler. Munuň bilen birlikde, häzirki wagtda BMG-de bitarap döwletleriň sesiniň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyna düşünilýär. Bu bolsa Gyrgyzystanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine geljekki agzalygy bilen baglylykda Ýaponiýa üçin aýratyn möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, Toşimisu Moteginiň saparyna göni ugur hökmünde garamak dogry bolmaz. Ýaponiýa Merkezi Aziýa, Merkezi Ýewropa we Gündogar Aziýa ýaly kiçi sebitleriň her biri üçin «açar» bolup hyzmat edýän düýbünden dürli dört döwleti bilkastlaýyn saýlap, olary tehnologik hyzmatdaşlygyň we halkara hukugyna ygrarlylygyň bitewi ýüpi bilen birleşdirýär.

Emma Günüň dogýan ýurdunyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň sapary üçin ýurtlaryň saýlanylyşy bilen bagly ýene bir sowal ýüze çykýar: näme üçin şeýle giň Ýewraziýa saparynyň çäginde hut Aşgabat sapara goşuldy, şol bir wagtyň özünde sebitiň beýleki paýtagtlary ugurdan daşarda galdy?

Elbetde, bu «bäşligiň» beýleki gatnaşyjylaryna äsgermezlik edilýändigini aňlatmaýar. Tokio öz pragmatik diplomatiýa nusgasyna laýyklykda hereket edýär. Toşimisu Moteginiň hut Türkmenistany saýlamagyny strategik, ykdysady we institusional häsiýetli birnäçe faktor bilen düşündirmek bolýar.

Tokio bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda iň ýokary derejä ýetendigini aýtmak ýalňyş bolmaz. Diňe 2025-nji ýylyň özünde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iki sany möhüm sapary amala aşyrdy.

Şeýlelikde, geçen ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Osakada geçirilen Bütindünýä sergisine — Expo-a gatnaşdy, dekabr aýynda bolsa taryhda ilkinji gezek geçirilen «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» görnüşindäki döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy. Şonuň üçin Moteginiň Aşgabada saparyna ýolbaşçylaryň Tokioda ylalaşan şertnamalarynyň diplomatik jogaby we olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň başlangyjy hökmünde garamak gerek.

Maýa goýumy talap edýän iri taslamalar nukdaýnazaryndan hem Türkmenistan Ýaponiýanyň Merkezi Aziýadaky iň möhüm hyzmatdaşydyr. Sebitiň başga hiç bir ýurdunda “Kawasaki”, “Sojitz”, “Itochu”, “Mitsubishi” ýaly iri ýapon kompaniýalarynyň şeýle ýokary derejede jemlenen gatnaşygyny görmek bolmaýar. Ýaponiýa Türkmenistanyň çäginde ECO-93 kysymly benzin öndürýän iri gaz gaýtadan işleýän toplumlaryň, karbamid we fosfor dökünlerini öndürýän zawodlaryň gurluşygyna milliardlarça dollar möçberinde maýa goýdy.

Mundan başga-da, şu ýylyň dekabrynda Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň mejlisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Motegi Aşgabada resmi maksatnamadan başga-da wodorod energetikasy, emeli aň we ýapyk aýlawly ykdysadyýet pudaklarynda täze iri taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiligini ylalaşmak üçin geldi. Bu meseleler onuň türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen duşuşygynda hem agzaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy Tokio üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şu ýylyň martynda BMG Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky nobatdaky Kararnamasyny kabul etdi we Ýaponiýa bu möhüm resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.

Ýaponiýa sebitiň beýleki ýurtlaryny hem ünsden düşürmeýär we özüni subut eden «böl we utgaşdyr» usulyny ulanýar. Ýakynda, 11–12-nji awgustda Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament boýunça orunbasary ministri Eri Arfiýa Duşanbe şäherine bardy. Ol ýerde Täjigistanyň Daşary işler ministri bilen giňişleýin gepleşikleri geçirip, iri infrastruktura resminamalaryna gol çekdi.

Şeýlelikde, Tokio diplomatik işleriň ýüküni paýlaýar: ministrlik derejesindäki beýleki resmiler sebitiň beýleki paýtagtlary bilen ähmiýetli işleri alyp barýarlar, Daşary işler ministri Motegi bolsa Merkezi Aziýada Ýaponiýanyň bähbitleriniň ykdysady taýdan esasy öňbaşçysy bolan Türkmenistana ünsüni jemleýär.

Mundan başga-da, geljek ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 35 ýyl dolýar. Mälim bolşy ýaly, Tokio ýubileý seneleriniň öňisyrasynda giň gerimli syýasy maksatnamalary ýarym ýyl ýa-da bir ýyl öňünden taýýarlamaga başlaýar. Şonuň üçin Ýaponiýanyň baş diplomatyň häzirki Aşgabada saparynyň hut şu baýramçylyk senesine çenli ikitaraplaýyn gatnaşyklary «hil taýdan täze strategik derejä» çykarmak üçin esas döretmäge gönükdirilendigini çaklamaga ähli esaslar bar.

Ýaponiýa Türkmenistany Merkezi Aziýadaky ykdysady strategiýasynyň daýanç nokady hökmünde saýlaýar. Sebäbi bu ýerde umumy görnüşi biri-biriniň üstüni ýetirýän birnäçe ugur — ägirt uly serişde mümkinçilikleri, geosyýasy bitaraplyk we ýurduň ýolbaşçylygy bilen gatnaşyklaryň ýokary depgini birleşýär. Bu bolsa halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hemişe möhüm orun eýeleýär.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki tapgyrynyň nusgawy gaz we himiýa çäklerinden çykýandygy aýdyňdyr. Häzirki wagtda iki ýurt ikitaraplaýyn taslamalara Orta geçelgäniň nukdaýnazaryndan garap başlady. Ýapon tarapy Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny sanlylaşdyrmak işine işjeň gatnaşýar. Tokio üçin bu örän möhüm logistika merkezidir. Sebäbi ýapon harytlary, Türkmenistanyň karbamid we nebithimiýa önümleri Hazar deňzi we Azerbaýjan arkaly Ýewropa bazarlaryna göni hem-de çalt çykyp bilýär.

Ynsanperwer ugur hem iki ýurduň gatnaşyklary barada köp zady aýdýar. Aşgabatda Ýaponiýanyň akademiki standartlary esasynda işleýän Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti döredildi. Ýapon dili hem Türkmenistanyň birnäçe mekdepleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna resmi taýdan girizildi.

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm aýratynlygy — Ýaponiýa Türkmenistanyň ýokary derejeli tehnologik hyzmatdaşyna öwrüldi, Türkmenistan bolsa Ýaponiýa Ýewraziýanyň merkezinde ygtybarly, durnukly we maýa goýumlary üçin özüne çekiji meýdançany döretdi.

Bekdurdy AMANSARYÝEW,

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça merkezi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026