Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär
Tebigy betbagtçylykdan soň kömek diňe bir maddy goldaw bolman, eýsem ynsanperwer raýdaşlygyň nyşanyna öwrülýär. Öýlerini we adaty durmuş şertlerini ýitiren müňlerçe adam üçin häzirki wagtda hatda iň zerur zatlaryň hem aýratyn ähmiýeti bar.
Geçen hepde bolup geçen weýrançylykly duýdansyz suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Hindistandan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, ABŞ-dan, Koreýa Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan Nepala halkara kömegi gelýär. 26-njy awgustda Hytaý-Nepal serhediniň golaýyndaky sebite örän howply süýşgünler indi. Nepalyň polisiýasynyň çarşenbe güni agşam ýaýradan beýanyna görä, ýurtdaky tebigy betbagtçylyk netijesinde pida bolanlaryň sany 1222 adama ýetdi.
Halkara donorlar ejir çekenlere durmuş üçin zerur bolan dürli serişdeleri iberýärler. Olaryň arasynda dron enjamlary, DNK testlerini geçirmek üçin enjamlar we reagentler, suwy arassalamak ulgamlary hem-de yşyklandyryş enjamlary bar.
Ynsanperwer ýükleriň düzüminde azyk önümleri, derman serişdeleri we beýleki ilkinji zerurlyklar hem bar. Ýol gatnawynyň bozulmagy sebäpli kömek ejir çeken sebitlere dikuçarlar arkaly ýetirilýär. Öýsüz galan adamlar üçin mekdeplerde wagtlaýyn gaçybatalgalar döredildi. Ynsanperwer guramalar we meýletinçiler olary azyk we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edýärler.
Kömek bermek üçin dürli ýurtlardan hünärmenler hem gelýärler. Meýletinçileriň arasynda diri galanlara lukmançylyk kömegini bermek üçin öz topary bilen Hytaýdan gelen doktor Çžan Haýszin hem bar. Onuň aýtmagyna görä, tebigy betbagtçylyklardan soň ejir çekenleriň arasynda köplenç gyzzyrma, deride örgünler, bedeniň dürli ýerlerinde agyrylar, garnyň agyrysy, ýokarky dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri, süýnme we dürli şikesler ýüze çykýar.
Suw joşmalary we süýşgünler sebäpli öýlerini terk etmäge mejbur bolan müňlerçe adam wagtlaýyn gaçybatalgalardaky durmuşa uýgunlaşmaga synanyşýar. Şeýle agyr şertlerde köpler üçin iň bolmanda diri galandyklary we ýakynlarynyň ýanyndadyklary möhüm bolup galýar.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, halkara donorlar we ynsanperwer guramalar weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala kömek bermegini dowam etdirýärler. Olar ejir çekenlere azyk önümlerini, derman serişdelerini, enjamlary we beýleki zerur serişdeleri ýetirýärler.






