HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ankara dünýä syýahatçylyk merkezine öwrüler: Travel Expo Ankara 2026 sergisi açylýar

Sentýabr 02, 2026 | 14:13 |774
19–21-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde syýahatçylyk we syýahatlar boýunça 9-njy Halkara sergi — Travel Expo Ankara 2026 geçiriler19–21-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde syýahatçylyk we syýahatlar boýunça 9-njy Halkara sergi — Travel Expo Ankara 2026 geçiriler
Çeşme: travelexpoankara.com

19–21-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde syýahatçylyk we syýahatlar boýunça 9-njy Halkara sergi — Travel Expo Ankara 2026 geçiriler. Uly pudaklaýyn çäre ATO Congresium sergi merkezinde guralar.

Serginiň esasy maksady Ankaranyň halkara syýahatçylyk, kongresleri geçirmek we işewür syýahatçylygy ösdürmek merkezi hökmündäki ornuny berkitmekden ybarat. Şu ýyl sergi 12 müň inedördül metr meýdany eýelär, guramaçylar bolsa dünýäniň dürli künjeklerinden 75 müňden gowrak myhmanyň gelmegine garaşýarlar.

Bir meýdançada bazaryň öňdebaryjy wekilleri — halkara syýahatçylyk operatorlary, myhmanhanalar, HoReCa pudagynyň kompaniýalary, degişli edaralaryň wekilleri we iri maslahatlaryň guramaçylary ýygnanar.

Travel Expo Ankara 2026 sergisine gatnaşmak pudagyň wekillerine özara bähbitli şertnamalary baglaşmak, tejribe alyşmak we täze halkara ugurlaryna çykmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Çärä gatnaşmagyň şertleri we jikme-jik maglumatlar çäräniň resmi saýtynda elýeterlidir: travelexpoankara.com.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
e.gov.tm arkaly «Aşgabat» stadionynyň sport meýdançalaryny nädip bron etmeli

e.gov.tm arkaly «Aşgabat» stadionynyň sport meýdançalaryny nädip bron etmeli

22:45 Sentýabr 09, 2026
Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa boýunça olimpiada yglan edildi

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa boýunça olimpiada yglan edildi

19:14 Sentýabr 09, 2026
Özbegistanda "sanly sum" synagdan geçirilýär: "HUMO" steýblkoinyň synag taslamasy başlandy

Özbegistanda "sanly sum" synagdan geçirilýär: "HUMO" steýblkoinyň synag taslamasy başlandy

18:58 Sentýabr 09, 2026