HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Sentýabr 02, 2026 | 01:10 |3128
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan 30-njy awgust — Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildiAşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan 30-njy awgust — Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi
Çeşme: orient.tm

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan 30-njy awgust — Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.

v-ashhabade-sostoyalsya-priyom-po-sluchayu-104-j-godovshchiny-dnya-pobedy-turcii

Çärä diplomatik korpusyň wekilleri, şeýle hem kabul edýän ýurduň resmi adamlary, şol sanda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy.

Türkiýäniň ilçisi Şener Jebejiniň çykyşy

v-ashhabade-sostoyalsya-priyom-po-sluchayu-104-j-godovshchiny-dnya-pobedy-turcii

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Diplomat bu wakanyň aýratyn ähmiýetini belläp, onuň diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy hökmünde ilkinji çäresidigini aýtdy:

«Sizi Türkiýe Respublikasynyň garaşsyzlyk we azatlyk ugrundaky göreşiniň iň möhüm sahypalarynyň biri bolan Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärämizde mähirli garşylaýaryn. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda — ata Watanymyzda öz wezipäme girişen türk ilçisi hökmünde aýalym bilen bilelikde sizi şu kabul edişlikde garşylamak meniň üçin uly hormatdyr. Bu çäre Türkmenistanda ilkinji gezek çakylyk alan çäräm bolmagy bilen hem aýratyn ähmiýete eýedir».

Çykyşynyň dowamynda ilçi deňizde bolup geçen pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi:

v-ashhabade-sostoyalsya-priyom-po-sluchayu-104-j-godovshchiny-dnya-pobedy-turcii

«Gynansak-da, düýn Girne kenarlarynyň golaýynda gäminiň heläkçilige uçramagy netijesinde köp adamyň aradan çykmagy bizi şu gün çuňňur gynandyrýar».

Şeýle hem ilçi Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň baýramçylyk ýüzlenmesini okap berdi. Onda 30-njy awgustyň türk halkynyň ebedi Watanyny gutarnykly berkarar eden we häzirki zaman döwletiniň ösüşine badalga beren möhüm gün hökmünde ähmiýeti bellenilýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň çykyşy Türkmen tarapynyň adyndan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gutlag bilen çykyş etdi. Ol türk halkyny baýramçylyk bilen gutlap, parahatçylyk, abadançylyk we ösüş arzuwlaryny beýan etdi, şeýle hem Türkiýäniň täze ilçisini diplomatik wezipesine başlamagy bilen mähirli gutlady:

«Ilki bilen, Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy — “30-njy awgust — Ýeňiş güni” bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýarys we tutuş türk halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýäris!

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Ilçi, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde işe başlamagyňyz bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn».

Ahmet Gurbanow Ýeňiş gününi Watana wepaly gullugyň, milli bähbitleri goramagyň nyşany hökmünde häsiýetlendirdi:

«Ýeňiş güni öz Watanyna ak ýürekden gulluk edýän, onuň milli bähbitlerini, raýatlaryň howpsuzlygyny we döwletiň gülläp ösüşini goramak barada alada edýän ähli adamlary birleşdirýän baýramçylykdyr».

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary iki döwletiň arasyndaky köpugurly we strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna hem jikme-jik ünsi çekdi.

Syýasy dialog we ýokary derejedäki gatnaşyklar:

«Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasyny özara hormata, ynama we halklarymyzyň ýakynlygyna esaslanýan gadymy hem dostlukly gatnaşyklar birleşdirýär. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar köpugurly we strategik häsiýete eýedir. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara saparlary we yzygiderli duşuşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk syýasy binýady emele getirýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparyny, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan saparyny aýratyn bellemek gerek».

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk:

«Ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu güne çenli birnäçe türk işewürlik düzümleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda netijeli işleri alyp bardylar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi yzygiderli ýokarlanýar».

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar:

«Türkmen we türk halklaryny çuňňur taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklar birleşdirýär. Şonuň üçin ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup, olaryň tebigy we berk binýadyny emele getirýär. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi, dürli medeni çäreleriň we sergileriň guralmagy halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna ýardam berýän möhüm wakalara öwrülýär».

Çykyşynyň ahyrynda Ahmet Gurbanow iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

01:50 Sentýabr 02, 2026
Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

01:10 Sentýabr 02, 2026
Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

21:07 Sentýabr 01, 2026