HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi

Awgust 31, 2026 | 07:02 |2853
Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy awgustda, Aşgabatda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi. Duşuşygyň başynda diplomat Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri hanym Sanae Takaitiniň döwlet Baştutanyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdiPrezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy awgustda, Aşgabatda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi. Duşuşygyň başynda diplomat Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri hanym Sanae Takaitiniň döwlet Baştutanyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi
Çeşme: mofa.go.jp

Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy awgustda, Aşgabatda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi. Duşuşygyň başynda diplomat Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri hanym Sanae Takaitiniň döwlet Baştutanyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi. Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, bu saparyň iki taraplaýyn dialogy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda we “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde tagallalaryň üstünlikli utgaşdyrylandygyny bellediler. Döwlet Baştutany bu formatdaky dialogyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrandygyny, saparyň dowamynda ýokary derejede gepleşikleriň geçirilendigini belläp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministri hanym Sanae Takaiti bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

president-of-turkmenistan-receives-japan-foreign-minister-toshimitsu-motegi (2).jpg

Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklaryna aýratyn üns berdiler we kanunçylyk ulgamynda özara tejribe alyşmakda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ornuna ýokary baha berdiler. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk esasy ugur hökmünde bellenildi. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir.

Serdar Berdimuhamedow “ITOCHU”, “Toyo Engineering” we “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gaz we himiýa pudaklarynda iri möçberli senagat taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, Ýaponiýanyň türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda iki halkyň arasyndaky dostluk köprülerini berkidýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, özara Medeniýet günleriniň we sergi taslamalarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026