Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi


30-njy awgustda Aşgabatda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Motegi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň bu sapary ýokary derejedäki işjeň dialogyň dowamydyr. Toşimitsu Moteginiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa EXPO-2025 Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Osaka şäherine hem-de «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň sammitine amala aşyran saparlary ikitaraplaýyn gatnaşyklara güýçli itergi berdi.
Taraplar pudagara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara hukuk başlangyçlaryny özara goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdiler. Ýapon tarapy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine we onuň sebitde durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuna hormat goýýandygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Senagat we maýa goýum ugry hyzmatdaşlygyň esasy binýady bolmagynda galýar. Türkmen tarapy Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bolan “Sumitomo”, “Toyo Engineering”, “Kawasaki Heavy Industries”, “ITOCHU” we “Mitsubishi Heavy Industries” kompaniýalarynyň ýurtda döwrebap gazhimiýa we energetika desgalaryny döretmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry Türkmenistanyň baý tebigy serişdelerini Tokionyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen utgaşdyrmak bolar. Daşary işler ministrleri emeli aň, maglumatlary işlemek we ýapyk aýlawly ykdysadyýet (serişdeleriň dolanyşygy) ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny bellediler.
Bu taslamalaryň jikme-jik ýol kartasy şu ýylyň dowamynda Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisinde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.

Diplomatlar bilim we dil gatnaşyklaryna hem aýratyn üns berdiler. Häzirki wagtda Türkmenistanda takmynan 15 müň adamyň ýapon dilini öwrenýändigi bellenildi we ýaşlar iki halkyň arasyndaky «hakyky dostluk köprüsi» hökmünde häsiýetlendirildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2027–2029-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.







