HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy

Awgust 30, 2026 | 23:05 |3207
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy awgustda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy awgustda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy
Çeşme: orient.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy awgustda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň dowamynda ilki bilen 30 müň adama niýetlenen metjidiniň çäklerinde gurulýan muzeýiň muzeý bilen tanyşdy. Binada emeli aň tehnologiýalary we 3D animasiýa bilen üpjün edilen sanly tanyşdyryş ulgamy ornaşdyrylypdyr. Interaktiw monitorlarda türkmen, rus we iňlis dillerinde ahalteke bedewleriniň taryhy, milli halyçylyk sungaty hem-de ýurdumyzyň tebigaty baradaky maglumatlar bilen tanşyp bolýar.

Halk Maslahatynyň Başlygyna çagalar bagynyň hem-de daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň şekil taslamalary we çyzgylary görkezildi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, onuň giň gerimli döwrebaplaşdyryş meýilnamasy bilen tanyşdy. Durkuny täzelemegiň çäklerinde atçylyk ýodasy, dolandyryş binalary, muzeý hem-de Aba Annaýewiň adyndaky atşynaslar şäherçesiniň infrastrukturasynyň täzelenmegi göz öňünde tutulýar. Atçylyk sport toplumynynyň seýilgäh zolagy gijeki yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün ediler.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň atly sport oýunlary binasynyň ýapyk manežine baryp, adaty endigine görä, özi seýislän Hanbeg atly bedewi bilen didarlaşdy hem-de ynsan gylykly bedewinde birsellem gezim etdi.

Saparyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ahalteke atlary şaýolunyň «Taýçanak» binasyndan «Polatly» binasyna çenli aralykdaky ýoluň gurluşygyna degişli çyzgylar, şekiller bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri awtomobil ýollarynda amatly şertleriň üpjün edilmegi, ýollaryň ugrunda döredilýän seýilgäh zolagynyň abadanlaşdyrylmagy, şeýle hem ýoluň gyralarynda atlaryň heýkelleriniň oturdylmagy boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026