ABŞ wiza almak üçin nobata ýazylmagyň tertibini wagtlaýyn üýtgetdi


ABŞ-nyň Döwlet departamenti dünýäniň ähli diplomatik wekilhanalarynda wiza söhbetdeşliklerine ýazylmak üçin arzalary kabul etmegi wagtlaýyn togtatdy.
Arakesmäniň sebäbi konsullyk gulluklarynyň işgärleri üçin meýilleşdirilen okuwlaryň geçirilmegidir. Şol sebäpli diplomatik wekilhanalar häzirki wagtda iş tertibini we resminamalary kabul etmek ulgamlaryny täzeleýärler. Şol bir wagtyň özünde öňünden bellenen ähli söhbetdeşlikler bellenilen tertipde geçiriler, gyssagly ýüz tutmalara bolsa aýratynlykda serediler.
Adaty nobata ýazylmagyň haçan täzeden başlanjakdygy barada maglumat soň berler. ABŞ-a syýahat etmegi ýa-da iş saparyny meýilleşdirýänlere ilçihanalaryň resmi web sahypalaryndaky bildirişleri yzygiderli yzarlamak we resminamalary resmileşdirmekde bolup biljek gijikmeleri göz öňünde tutmak maslahat berilýär.
ORIENT







