HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň direktory bilen duşuşdy

Awgust 31, 2026 | 01:05 |770
30-njy awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň direktory Dr. Abdulaziz Al-Horr bilen duşuşyk geçirdi30-njy awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň direktory Dr. Abdulaziz Al-Horr bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy

30-njy awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň direktory Dr. Abdulaziz Al-Horr bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda ýokary derejede guralýan çäreler bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ugurlary, dünýäde parahatçylygy berkitmek ugrunda edýän ägirt uly tagallalaryny belledi.

Şeýle hem ýurdumyzyň ösüşi we şu ýylyň dowamynda geçiriljek wajyp çäreler barada tanyşdyrmak bilen, 23-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetini belledi. Aýratyn hem bu mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm ugurlary boýunça meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna, il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň we halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen wezipeleriň kesgitlenmegine garaşylýandy barada aýtdy.

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň direktory Dr. Abdulaziz Al-Horr

Duşuşykda türkmen-katar gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürilýändigi bellenildi we Kataryň Diplomatik instituty bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda bar bolan ylalaşyklaryň çäginde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026