HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nazaryýetden kosmosa çenli: Hindistanda Mission ShakthiSAT maksatnamasynyň halkara tapgyry nähili geçýär

Awgust 29, 2026 | 07:03 |1426
23–31-nji awgust aralygynda Greýter-Noýda şäherindäki "Gautam Buddha University" uniwersitetinde Mission ShakthiSAT-yň amaly tapgyry geçirilýär. Mekdep okuwçy gyzlar üçin bu onlaýn okuwdan kosmos inženerçiligi, tehniki ulgamlar we pudagyň hünärmenleri bilen gönüden-göni tanyşmaga geçmek üçin möhüm mümkinçilikdir23–31-nji awgust aralygynda Greýter-Noýda şäherindäki "Gautam Buddha University" uniwersitetinde Mission ShakthiSAT-yň amaly tapgyry geçirilýär. Mekdep okuwçy gyzlar üçin bu onlaýn okuwdan kosmos inženerçiligi, tehniki ulgamlar we pudagyň hünärmenleri bilen gönüden-göni tanyşmaga geçmek üçin möhüm mümkinçilikdir
Çeşme: awtor tarapyndan hödürlenildi

Ýaňy-ýakynda 15 ýaşly Elif Gylýjowa kompýuteriň ekranynyň öňünde oturyp, halkara Mission ShakthiSAT maksatnamasynyň 21 okuw modulynyň her birini yzygiderli geçmek arkaly hemra tehnologiýalaryny, fizikany, astronomiýany we beýleki STEM ugurlaryny öwrenýärdi. Bu barada biz «Ýyldyzlara ýetmek: Türkmenistanly 15 ýaşly gyzyň hekaýasy» atly makalamyzda gürrüň beripdik.

Häzirki wagtda onuň okuw otagy indi wirtual synp otagy däl. Elif Hindistanda bolup, dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjy gyzlar bilen bilelikde kosmos tehnologiýalaryna we STEM bilimine bagyşlanan maksatnamanyň halkara tapgyryna gatnaşýar.

23–31-nji awgust aralygynda Greýter-Noýda şäherindäki Gautam Buddha University uniwersitetinde Mission ShakthiSAT-yň amaly tapgyry geçirilýär. Mekdep okuwçy gyzlar üçin bu onlaýn okuwdan kosmos inženerçiligi, tehniki ulgamlar we pudagyň hünärmenleri bilen gönüden-göni tanyşmaga geçmek üçin möhüm mümkinçilikdir.

elif-gulyjova-turkmenistan-mission-shakthisat-india-space-program (1).JPG

Gatnaşyjylaryň Hindistandan paýlaşýan suratlaryna we wideolaryna görä, maksatnama ilkinji günlerden başlap örän baý mazmunly geçýär. Mission ShakthiSAT-yň aýratynlyklarynyň biri gatnaşyjylaryň halkara düzümi boldy. Dünýäniň 108 ýurdundan gelen gyzlar kosmos tehnologiýalaryny bilelikde öwrenmek, aragatnaşyk saklamak we umumy meseleleriň üstünde işlemek üçin Hindistanda jemlendiler.

Suratlarda bu toparyň näderejede köpdürlüdigi aýdyň görünýär. Gatnaşyjylar biri-biri bilen tanyşýarlar, bilelikde surata düşýärler, sapaklaryň arasyndaky arakesmelerde söhbetdeş bolýarlar we öz ýurtlaryny hem-de medeniýetlerini biri-birine tanyşdyrýarlar.

Elif hem dünýäniň dürli künjeklerinden gelen deň-duşlary bilen eýýäm tanyşmaga ýetişdi. Suratlarda onuň ýanynda Hindistanyň milli lybaslaryny geýen gyzlary, Aziýanyň we beýleki sebitleriň dürli ýurtlaryndan gelen gatnaşyjylary görmek bolýar. Olaryň her biriniň öz medeniýeti we özboluşly taryhy bar, emma häzirki wagtda olary ylma we kosmosa bolan umumy gyzyklanma birleşdirýär.

elif-gulyjova-turkmenistan-mission-shakthisat-india-space-program (3).JPG

Elif üçin bu saparyň sapaklardan pes bolmadyk möhüm bölegidir: ol halkara toparynyň düzüminde Türkmenistana wekilçilik etmäge we dürli ýurtlardan geljekki hünärmenler bilen tanyşmaga mümkinçilik alýar. Hindistan tapgyrynyň ilkinji günlerinde olar resmi çärelere, halkara diplomatik duşuşyga, tehniki okuw-msslahatlara we Hindistanyň ylmy hem-de kosmos jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşyklara gatnaşdylar.

Uniwersitet şäherçesinde gyzlar kosmos enjamlarynyň we raketalaryň nusgalaryny görüp, kosmos pudagynyň dürli ugurlary bilen tanyşyp, fizikadan, matematikadan we beýleki derslerden alnan bilimleriň hakyky kosmos taslamalarynda nähili ulanylýandygyna düşünip bilýärler.

Suratlarda Elifi ISRO-nyň raketasynyň nusgasynyň ýanynda, şeýle hem Mission ShakthiSAT-yň uly göwrümli sergi ekspozisiýalarynyň öňünde görmek bolýar. Ýaňy-ýakynda kosmos tehnologiýalaryny onlaýn öwrenen mekdep okuwçysy üçin bu mowzuga düýbünden başga derejede aralaşmak mümkinçiligidir.

elif-gulyjova-turkmenistan-mission-shakthisat-india-space-program (4).JPG

Halkara maksatnamanyň dowamynda gyzlara her bir ýurtdan maksatnamanyň uly ýaşly wekilleri bolan ilçiler ýoldaşlyk edýärler. Biziň Elifimize Türkmenistandaky Mission ShakthiSAT ilçisi Maral Rejepowa ýoldaşlyk edýär. Emma iň gyzykly wakalar diňe fotoenjamlaryň öňünde bolup geçmeýär.

Halkara tapgyrynyň sapaklarynyň birinde hemralaryň ýylylyk ulgamlaryna bagyşlanan ýörite okuw geçirildi. Ony XDLINX Space Labs kompaniýasynyň direktory, şeýle hem U.R. Rao Satellite Centre (URSC), ISRO merkeziniň ozalky direktorynyň orunbasary doktor Alok Şriwastawa geçirdi.

elif-gulyjova-turkmenistan-mission-shakthisat-india-space-program (5).JPG

Gatnaşyjylar hemralaryň kosmosyň aşa ýokary we pes temperatura şertlerine nähili çydap bilýändiklerini we temperatura gözegçiliginiň elektron komponentleriniň, batareýalaryň, datçikleriň hem-de kosmos enjamynyň beýleki ulgamlarynyň işlemegi üçin näme sebäpden örän möhüm ähmiýete eýedigini öwrendiler.

Sapak wagtynda mekdep okuwçy gyzlar ýylylyga gözegçilik etmekde ulanylýan dürli tehnologiýalar bilen tanyşdylar: MLI – köp gatlakly ýylylyk izolýasiýasy; OSR – optiki gün şöhlelendirijileri; Heat pipes – ýylylyk turbalary; ýörite örtükler; ýylylyk datçikleri.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar ýylylygyň geçirilmeginiň esaslaryny, kosmosda ulanylýan materiallary we ýylylyk seljermesiniň usullaryny öwrendiler. Ilkinji seredişde bu tema hatda talyp üçin hem örän çylşyrymly bolup görünmegi mümkin. Emma Mission ShakthiSAT-yň aýratynlygy hem hut şunda. Mekdep okuwçy gyzlara kosmos pudagynda işleýän hakyky inženerleriň çözýän meseleleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berilýär.

elif-gulyjova-turkmenistan-mission-shakthisat-india-space-program (6).JPG

Aýratyn gyzykly suratlarda amaly sapaklaryň ýene bir tapgyry görkezilýär. Gatnaşyjylar ýörite gorag eşiklerinde — halatlarda, başgaplarda we aýakgap örtüklerinde işleýärler. Bu bolsa kosmos enjamlary bilen işlenende arassaçylyga we takyklyga bildirilýän talaplaryň näderejede ýokarydygyny görkezýär.

Kosmos enjamyny döretmek adatdan daşary takyklygy talap edýär. Bu ýerde diňe fizikany bilmek ýa-da çylşyrymly matematiki meseleleri çözmegi başarmak ýeterlik däl. Ünsli bolmak, tertiplilik, takyklyk we topar bolup işlemek ukyby hem zerurdyr. Hut şu başarnyklary gatnaşyjylar häzirki wagtda Hindistanda alýarlar — indi adaty mekdep sapagy görnüşinde däl-de, hakyky inženerçilik işine mümkin boldugyça ýakyn şertlerde.

Emma Mission ShakthiSAT diňe tehniki sapaklardan ybarat däl. Gatnaşyjylar wagtlarynyň köp bölegini bilelikde geçirýärler. Olar tanyşýarlar, söhbetdeş bolýarlar, surata düşýärler, täsirlerini paýlaşýarlar we biri-biri bilen wagt geçirýärler.

Medeni alyş-çalyş hem aýratyn orun eýeleýär. Resmi çärelerde gyzlar öz ýurtlaryny tanyşdyrmaga mümkinçilik alýarlar, hindi gatnaşyjylar bolsa myhmanlary öz ýurtlarynyň medeniýeti bilen tanyşdyrýarlar. Şeýlelikde, tehniki maksatnama kem-kemden halkara aragatnaşyk giňişligine hem öwrülýär. Belki-de, hut şu zat Hindistana edilen sapardan galjak iň gymmatly ýatlamalaryň biri bolar.

elif-gulyjova-turkmenistan-mission-shakthisat-india-space-program (7).JPG

Elifiň bu tapgyra barýan ýoly birnäçe aý mundan ozal başlandy. Mission ShakthiSAT maksatnamasynda Türkmenistana wekilçilik eden 14 mekdep okuwçy gyzyň diňe üçüsi okuw tapgyryny doly tamamlap, finala çykdy. Jemleýji saýlawdan soň Elif Gylýjowa amaly tapgyrda Hindistanda ýurdumyza wekilçilik etmek hukugyny gazandy.

Öňde oňa henizem birnäçe günlük baý maksatnama, täze tehniki sapaklar, duşuşyklar we amaly tejribe garaşýar. Häzir Elif bilen gönüden-göni habarlaşmak hemişe mümkin bolmasa-da, suratlar we wideolar eýýäm esasy zady görmäge mümkinçilik berýär: onuň Hindistana sapary diňe bir halkara çäresine gatnaşmak däl. Bu kosmosy öwrenmekden ony amaly taýdan özleşdirmäge tarap indiki ädimdir.

Ýaňy-ýakynda Elif okuw modullaryny onlaýn görnüşde geçýärdi. Häzirki wagtda bolsa ol kosmos tehnikasynyň ýanynda dur, dürli ýurtlardan gelen geljekki inženerler we alymlar bilen aragatnaşyk saklaýar hem-de hakyky kosmos inženerçiligi gurşawyna ilkinji gezek aralaşmak tejribesini alýar. Diýmek, onuň ýyldyzlara tarap ýoly dowam edýär.

Belki-de, bu hekaýada iň gyzykly wakalar heniz öňde.

Maýa Annaýewa

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026