HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda sanly işewürligi goldamak üçin elektron söwda barada kanun işlenip taýýarlanylýar

Awgust 29, 2026 | 07:06 |1092
Türkmenistanyň Mejlisinde «Elektron söwda hakynda» täze kanun işlenip taýýarlanylýar. Sanly söwda, marketpleýsler we onlaýn hyzmatlar ýaly çalt ösýän pudagy düzgünleşdirmäge gönükdirilen bu kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taýýarlanylmagy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldyTürkmenistanyň Mejlisinde «Elektron söwda hakynda» täze kanun işlenip taýýarlanylýar. Sanly söwda, marketpleýsler we onlaýn hyzmatlar ýaly çalt ösýän pudagy düzgünleşdirmäge gönükdirilen bu kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taýýarlanylmagy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Mejlisinde «Elektron söwda hakynda» täze kanun işlenip taýýarlanylýar. Sanly söwda, marketpleýsler we onlaýn hyzmatlar ýaly çalt ösýän pudagy düzgünleşdirmäge gönükdirilen bu kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taýýarlanylmagy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täze resminama elektron söwda bazaryna gatnaşyjylar üçin aýdyň hukuk binýadyny döretmäge, sanly gurşawda sarp edijileriň hukuklarynyň gorag derejesini ýokarlandyrmaga we onlaýn görnüşde iş alyp barmak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Şol bir wagtyň özünde milli parlament Türkmenistanyň Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine hem-de başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleri alyp barýar. Şeýle hem ýurduň halkara hukuk resminamalaryna goşulmagyny çaltlandyrmak maksady bilen kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.

“Elektron söwda hakynda” resminamanyň işlenip taýýarlanylmagy ýurduň häzirki zaman sanly ekoulgamyny kemala getirmek ýolunda nobatdaky yzygiderli ädim bolar. Mundan ozal, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda «Wirtual aktiwler hakynda» kanun kabul edildi. Bu kanun sanly dolanyşygynyň we maýningiň hukuk esaslaryny kesgitledi. Ol geljekde elektron söwda baradaky kanun bilen bilelikde “fintech” pudagyny ösdürmek üçin doly hukuk şertleriniň döredilmegine mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026