Seulda koreý halkyny Merkezi Aziýanyň medeniýeti bilen tanyşdyrmak maksady bilen jemgyýetçilik çäresi geçirildi


Seul şäherinde 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän taryhy «Koreýa – Merkezi Aziýa» birinji sammitine bagyşlanan köpçülikleýin çäreleriň tapgyry başlandy. Çarşenbe güni Çhonge meýdançasynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Taýýarlyk edarasy tarapyndan «Beýik Ýüpek ýolunda duşuşyk» diýen şygar astynda giň gerimli medeni festiwal geçirildi.

Günorta Koreýanyň “DWB News” neşiriniň bellemegine görä, bu çäre Seulyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Ýörite enjamlaşdyrylan meýdançada myhmanlar milli egin-eşikleri geýip görmäge, dürli tematik çärelerde we bäsleşiklerde gatnaşmaga, şeýle hem Merkezi Aziýa halklarynyň myhmansöýerliginiň möhüm nyşany bolup durýan gündogaryň çaý medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, şeýle hem Taýýarlyk edarasynyň ýolbaşçysy Çon Yý He öňde boljak diplomatik forumyň diňe bir döwletara dialogy ösdürmekde däl, eýsem ynsanperwer we ýaşlar ugurlaryndaky gatnaşyklary giňeltmekde hem möhüm tapgyr boljakdygyny nygtady.








