HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geljekki kiberhowpsuzlyk hünärmenleriniň ilkinji topary kabul edildi

Awgust 28, 2026 | 04:03 |1404
Türkmenistanyň döwlet ulgamynyň, senagatynyň we maliýe ulgamynyň çalt depginler bilen sanlylaşdyrylmagy sanly serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmegiň düýbünden täze derejesini talap edýär. 1-nji sentýabryň öňisyrasynda Türkmenistanyň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýokary okuw mekdebiniň taryhynda ilkinji gezek täze hünär — «Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy» hünäri boýunça talyplary kabul etmegi tamamladyTürkmenistanyň döwlet ulgamynyň, senagatynyň we maliýe ulgamynyň çalt depginler bilen sanlylaşdyrylmagy sanly serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmegiň düýbünden täze derejesini talap edýär. 1-nji sentýabryň öňisyrasynda Türkmenistanyň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýokary okuw mekdebiniň taryhynda ilkinji gezek täze hünär — «Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy» hünäri boýunça talyplary kabul etmegi tamamlady
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň döwlet ulgamynyň, senagatynyň we maliýe ulgamynyň çalt depginler bilen sanlylaşdyrylmagy sanly serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmegiň düýbünden täze derejesini talap edýär. 1-nji sentýabryň öňisyrasynda Türkmenistanyň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýokary okuw mekdebiniň taryhynda ilkinji gezek täze hünär — «Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy» hünäri boýunça talyplary kabul etmegi tamamlady.

Häzirki wagtda maglumatlaryň goraglylygyny üpjün etmek milli we ykdysady howpsuzlygyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Dünýäde kiberhüjümleriň sanynyň artmagy, şeýle hem önümçilikde, energetika we logistika ulgamlarynda awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryna rugsatsyz elýeterliligiň ýüze çykmak töwekgelçiligi ygtybarly sanly gorag serişdelerini döretmäge ukyply hünärmenlere bolan islegi ýokarlandyrýar.

Okuw maksatnamasy talyplaryň bu ugurda amaly bilimlere we başarnyklara eýe bolmagyna gönükdirilendir. Talyplar kriptografiki gorag usullaryny, kiberhüjümlere garşy göreşmegiň algoritmlerini, tor infrastrukturasynyň howpsuzlygyny, şeýle hem maglumatlary goramagyň hukuk esaslaryny öwrenerler. Amaly okuwlar kiberhowpsuzlyk we kriptografiýa boýunça ýöriteleşdirilen barlaghanalarda geçiriler. Şeýle hem okuw ulgamynda ulgamlaryň gowşak ýerlerini ýüze çykarmak boýunça audit we synag işlerini geçirmek üçin niýetlenen hünär programma üpjünçilikleri, şol sanda “Wireshark”, “Kali Linux”, “Metasploit” we “Cisco Packet Tracer” bilen işlemek göz öňünde tutulýar.

Birnäçe günden täze hünär boýunça talyplaryň ilkinji topary okuw sapaklaryna başlarlar. Geljekde olar Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, senagat we maliýe desgalarynyň möhüm sanly infrastrukturasynyň goragyny üpjün etmek boýunça ýurduň hünärmenler gorunyň kemala gelmegine goşant goşarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026