HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Duşenbede Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda bilermenler-seljerjiler dialogynyň ugurlary kesgitlenildi

Awgust 28, 2026 | 07:02 |1344
Täjigistanyň we Türkmenistanyň seljeriş merkezleri hem-de ylmy-barlag edaralary bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegi maksat edinýärlerTäjigistanyň we Türkmenistanyň seljeriş merkezleri hem-de ylmy-barlag edaralary bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegi maksat edinýärler
Çeşme: mts.tj

Täjigistanyň we Türkmenistanyň seljeriş merkezleri hem-de ylmy-barlag edaralary bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegi maksat edinýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bilelikdäki barlaglary geçirmek, seljeriş materiallaryny taýýarlamak, şeýle hem sebit howpsuzlygy, ykdysadyýet we halkara gatnaşyklary ulgamyndaky hünärmenleriň arasynda yzygiderli dialogy ýola goýmak kesgitlenildi.

Iki ýurduň arasyndaky bilermenlik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary we geljegi Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar boýunça merkeziniň direktory Haýridin Usmonzoda bilen Türkmenistanyň Täjigistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aýmyrat Goçmyradowyň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ynsanperwer we bilermenler derejesindäki hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde baha berdiler. Iki ýurduň seljerijileriniň üns merkezinde bilimleri we häzirki zaman ylmy-barlaglaryň netijelerini alyşmak üçin hemişelik meýdançalary döretmek, şeýle hem bilelikdäki ylmy barlaglaryň tapgyryny geçirmek, seljeriş hasabatlaryny taýýarlamak, şeýle hem halkara maslahatlaryny, «tegelek stol» duşuşyklaryny we tematik seminarlary geçirmek meselesi boldy.

Taraplar sebitiň ösüş proseslerini, ykdysadyýet, halkara syýasaty we howpsuzlyk meselelerini öwrenýän hünärmenleriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Bilermenleriň garaýyşlaryny yzygiderli alyşmagyň Merkezi Aziýada we halkara giňişliginde bolup geçýän özgertmeleri hem-de meýilleri has çuňňur seljermäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi. Hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerine eýe bolan Täjigistan bilen Türkmenistan ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebitleýin gurluşlarynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edinýärler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026