HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda oktýabr aýynda emeli aň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan innowasion Stomatologiýa merkezi açylar

Awgust 28, 2026 | 06:02 |1465
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öňisyrasynda paýtagtymyzda sanly lukmançylygyň we emeli aňyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze Stomatologiýa merkezi açylarTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öňisyrasynda paýtagtymyzda sanly lukmançylygyň we emeli aňyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze Stomatologiýa merkezi açylar
Çeşme: turkmentv.gov.tm

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öňisyrasynda paýtagtymyzda sanly lukmançylygyň we emeli aňyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze Stomatologiýa merkezi açylar. Ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Iri lukmançylyk desgasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Täze Merkez ýöriteleşdirilen ýüz-äň hirurgiýa lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Merkeziň işi dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda guralar.

Klinika Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we ABŞ-nyň önümi bolan häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Täze Merkeziň esasy artykmaçlygy emeli aň ulgamlarynyň we 3D-skanirleme tehnologiýasynyň bitewi ulgamda utgaşdyrylmagydyr.

Emeli aň algoritmleri uly möçberdäki maglumatlary dessin seljermäge, implantatlaryň ýerleşýän ýerini ýokary takyklykda kesgitlemäge, ýalňyşlyklary aradan aýyrmaga, şeýle hem çylşyrymly hirurgik we rekonstruktiw operasiýalar wagtynda alnan netijeleri gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Näsaglar baradaky ähli maglumatlar elektron görnüşde jemlener. Bejeriş bölüminde kompýuter ulgamlary operasiýa otaglary bilen onlaýn aragatnaşygy saklamaga, şeýle hem beýleki lukmançylyk edaralary we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen maglumat alyşmaga mümkinçilik berer.

Merkeziň diş-tehniki barlaghanasy 45 hünärmene niýetlenendir. Ol CAD/CAM ulgamlary, şeýle hem 3D nusgalaryny awtomatiki çap etmek we arassalamak üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu mümkinçilikler ýokary hilli materiallardan çylşyrymly we aýratyn görnüşde taýýarlanylýan protezleri iň gysga wagtda öndürmäge şert döreder.

Täze lukmançylyk edarasynyň düzümine gije-gündiziň dowamynda gyssagly kömek bermek üçin otaglary bolan kabul ediş bölümi, şöhle bilen anyklaýyş, endoskopiýa, funksional anyklaýyş, anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri, şeýle hem operasiýa we sterilizasiýa bölümi hem-de stasionar bölüm girýär.

Merkeziň döwrebap enjamlaşdyrylyşy irki döwürde takyk anyklamakdan we agyrylary howpsuz aýyrmakdan başlap, iň çylşyrymly ortodontik düzedişleri, implantasiýany hem-de äň-ýüz ulgamynda rekonstruktiw hirurgiki amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Bölümleriň enjamlaşdyrylyşy we ýatymlaýyn otaglaryndaky şertler bilen tanyşlygyndan soň, Prezident Serdar Berdimuhamedow desganyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly açyp ulanmaga bermäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany merkeziň ähli innowasion mümkinçilikleriniň, şol sanda emeli aň tehnologiýalarynyň raýatlaryň bähbitlerine hyzmat etmelidigini hem-de döwrebap enjamlaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmat etmegini gazanmak üçin enjamlar ulanylanda, olardan ussatlyk bilen baş alyp çykýan hünärmenleriň bolmalydygyny belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026