Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geljekki kiberhowpsuzlyk hünärmenleriniň ilkinji topary kabul edildi


Türkmenistanyň döwlet ulgamynyň, senagatynyň we maliýe ulgamynyň çalt depginler bilen sanlylaşdyrylmagy sanly serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmegiň düýbünden täze derejesini talap edýär. 1-nji sentýabryň öňisyrasynda Türkmenistanyň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýokary okuw mekdebiniň taryhynda ilkinji gezek täze hünär — «Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy» hünäri boýunça talyplary kabul etmegi tamamlady.
Häzirki wagtda maglumatlaryň goraglylygyny üpjün etmek milli we ykdysady howpsuzlygyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Dünýäde kiberhüjümleriň sanynyň artmagy, şeýle hem önümçilikde, energetika we logistika ulgamlarynda awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryna rugsatsyz elýeterliligiň ýüze çykmak töwekgelçiligi ygtybarly sanly gorag serişdelerini döretmäge ukyply hünärmenlere bolan islegi ýokarlandyrýar.
Okuw maksatnamasy talyplaryň bu ugurda amaly bilimlere we başarnyklara eýe bolmagyna gönükdirilendir. Talyplar kriptografiki gorag usullaryny, kiberhüjümlere garşy göreşmegiň algoritmlerini, tor infrastrukturasynyň howpsuzlygyny, şeýle hem maglumatlary goramagyň hukuk esaslaryny öwrenerler. Amaly okuwlar kiberhowpsuzlyk we kriptografiýa boýunça ýöriteleşdirilen barlaghanalarda geçiriler. Şeýle hem okuw ulgamynda ulgamlaryň gowşak ýerlerini ýüze çykarmak boýunça audit we synag işlerini geçirmek üçin niýetlenen hünär programma üpjünçilikleri, şol sanda “Wireshark”, “Kali Linux”, “Metasploit” we “Cisco Packet Tracer” bilen işlemek göz öňünde tutulýar.
Birnäçe günden täze hünär boýunça talyplaryň ilkinji topary okuw sapaklaryna başlarlar. Geljekde olar Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, senagat we maliýe desgalarynyň möhüm sanly infrastrukturasynyň goragyny üpjün etmek boýunça ýurduň hünärmenler gorunyň kemala gelmegine goşant goşarlar.





