Raşid Meredow Germaniýanyň täze ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşdy


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşdy. Ilçi duşuşygyň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy diplomaty täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady we ikitaraplaýyn dialogyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berdiler. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň depginli ösüşiniň esasy şertleriniň biri hökmünde ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem iki döwletiň köptaraplaýyn formatlardaky, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň ugry boýunça, şeýle-de «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sebit platformasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ýokary netijeliligi bellenildi.

Ykdysady ulgamynda diplomatlar köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem-de işewür gatnaşyklary giňeltmekde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň möhüm ornuny aýratyn bellediler. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça anyk ädimler bellenildi.





